Hyzmatlary dolylygyna online usulyna geçirmek müşderileriň rahatlygy

Sanly ulgamyň ykdysadyýete, raýatlaryň durmuş şertlerine giňden ornaşmagy bilen goşmaça amatlyklary we rahatlygy emele getirmäge gönükdirilen täze-täze mümkinçililer peýda boldy.

AŞTU raýatlara ilki başdaky telefon nokadyny gurnamak işinden başlap, hyzmatlaryň ähli götnüşlerini, şol sanda Internet, IP telewideniýe birikdirmek, öçürmek, hasabyňy doldyrmak we hasabyňda bar bolan pul serişdeleri dolandyrmak, sanly awtomatik telefon beketleriň goşmaça hyzmatlaryny özbaşdak birikdirmek, öçürmek, näsazlyklar boýunça kömek merkezinden peýdalanmak we ondan başga-da birnäçe hereketleri özbaşdak ýerine ýetirmek üçin Online usulynyň doly mümkinçilerini açdy.

AŞTU-nyň www.agts.tv resmi internet saýtyndan hem-de ol ýerdäki Şahsy otag platformasyndan peýdalanmak bilen müşderiler kärhanamyz tarapyndan ýerine ýetirilýän ähli hyzmatlaryndan peýdalanmagy we olary dolandyrmagy Online usulynda öýlerinden ýa-da iş orunlaryndan amala aşyryp bilýärler.

Indi bu maksatlar üçin kagyz resminamalary ýygnamak, doldurmak we şäheriň içindäki müşderiler hyzmaty nokatlaryna ýörite gelmek, nobata durmak ýaly oňaýsyzlyklar aradan aýryldy.

Hormatly Prezidentimiziň türkmen halky barada gije-gündiz edýän taýsyz tagallarynyň rowaçlanmagy bilen bagtyýar raýatlarymyz täze, ýokary amatlykly, kaşaň ýaşaýyş jaýlaryna göçüp barýarlar ýa-da ýaşaýyş salgylaryny üýtgedýärler. Bu öýlerde täze telefon nokadyny gurnamaklyga arza bermek üçin www.agts.tv saýtyndaky telefon nokadyny birikdirmek bölümine girip, penjirelere degişli maglumatlary Online usulda girizmek ýeterlik bolup durýar.

Hormatly raýatlar! Aşgabat şäher telefon ulgamynyň www.agts.tv web saýtynyň mümkinçiliklerinden online peýdalanmak, durmuşyňyzy goşmaça rahatlyklar bilen üpjün eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Startup, täjirçilik pikiri we taslamasy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
Online okuw sapagy
Ussatlyk sapagy
Daşary ýurt metbugatyna syn
Türkmenistanda mejbury abuna ýazylyşyk onlaýn görnüşe geçýär
Aşgabat şäher telefon ulgamy ÝGPJ-ti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşdy.