Serbiýe Magtymgulynyň goşgularynyň serb diline terjime edilmegine gyzyklanma bildirýär

Serbiýe Magtymgulynyň goşgularynyň serb diline terjime edilmegine gyzyklanma bildirýär

Şu gün Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Serbiýa Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Momçilo Bobiç bilen duşuşdy.

Söhbetdeşlikde diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar, dostlukly döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere seretdiler diýip, Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Serbiýanyň halkara giňişlikde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýola goýan hyzmatdaşlygyna ýokary baha berildi. Şu nukdaýnazardan, türkmen ilçisi Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG tarapyndan kabul edilen 2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly atly Kararnama awtordaş bolup çykyş edendigi üçin, Serbiýa minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Serbiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigi, söwda-ykdysady, maýa goýumlary, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga iki ýurtda hem baý mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Momçilo Bobiç dünýä ýüzünde edebi mirasy uly gyzyklanma döredýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen türkmen ilçisini gutlady. Şunuň bilen baglylykda, akyldar şahyra bagyşlanyp Moskwada geçirilýän çäreleriň mazmunyna we guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi. Şeýle-de dünýä edebiýatyna ajaýyp goşant goşan türkmen akyldarynyň goşgularynyň serb diline terjime edilmegine ýakyndan ýardam berjekdigini mälim etdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen we serb diplomatlary özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça-da pikir alyşdylar.

Ýene degişli makalalar

16-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasyna täze ilçi belledi
10-njy noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanly dzýudoçy Serdar Rahymow Duşenbe şäherinde geçirilen uly tuwulga ýaryşynda altyn medala mynasyp boldy