Türkiýäniň 2023-nji ýylda alyp barjak daşary syýasaty

Türkiýäniň 2023-nji ýylda alyp barjak daşary syýasaty

Türkiýäniň Ukraina söweşi meselesinde alyp barýan deňagramly syýasaty, Ukrainadaky söweşe mahsus däl. Türkiýe ilkinji nobatda strategiýa taýdan özygtyýarlygyny ýola goýmaga çalyşýar we geo syýasy ýerleşişinden ýerlikli peýdalanmak isleýär.

Türkiýäniň Günbatarly ýurtlar bilen edýän hyzmatdaşygy we deňagramly syýasaty 2023-nji ýylda hem dowam eder. Ukrainadaky söweş dowam edýändigi üçin Türkiýäniň 2023-nji ýylda hem häzirki deňagramlylygyny we bitarap syýasatyny dowam etdirmegine garaşylýar. 2023-nji ýylda täze gepleşik tapgyrlary ýüze çykyp biler we Türkiýe şol pursatlara hem öňbaşçylyk eder.

SETA-nyň Howpsyzlyk bölüminiň başlygy Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýäniň daşarky gatnaşyklarynda “söwda döwleti” özboluşlylygyny 2023-nji ýylda hem dowam etdirmegine garaşylýar. Sebäpli ykdysady kynçylyklar gysga möhletde ortadan aýryljaga meňzemeýär. Mundan başgada pandemiýa dünýäniň ykdysady ulgamyna ýaramaz täsirini ýetirmäge dowam edýär we 2023-nji ýylyň halkara durgunlyk ýyly bolmagyna garaşylýar, şol sebäpli hem Türkiýeden daşary ähli ýurtlar üçin ykdysady kynçylyklar gün tertibinde esasy orun eýelär.

Şol ykdysady kynçylyklara paralellikde, Türkiýe bilen hyzmatdaşlarynyň arasynda dowam edýän kadalaşma we ylalaşyk etabynyň 2023-nji ýylda dowam etmegine garaşylýar.

Türk daşary syýasatynda esasy orun eýeleýän goranyş senagaty, 2022-nji ýylda bolşy ýaly 2023-nji ýylda hem ösüş depginini dowam edirer. Türkiýe häzirden “dron diplomatiýasy” ýada “goranyş diplomatiýasy” hökmünde tanalmaga başlandy. Goranyş senagatynyň eksporty hem gün saýyn artýar.

Ukrainadaky söweş, Russiýanyň birnäçe ýurda goranyş enjamlaryny eksport etmegini bökdedi. Şol sebäpli hem Russiýanyň mümkinçiligi, söweşiň täze ýylda hem dowam etjekdigi sebäpli 2023-nji ýylda has-da azalar. Russiýa goýlan sanksiýalar sebäpli Aziýa, Ýakyn Gündogar, Afrika we Latyn Amerika ýurtlarynda emele gelen boşlygy Türkiýe doldurmaga taýarlanýar.

Türkiýe 2023-nji ýylda ýurduň içinde hem-de serhetaşa guraýan operasiýalaryny dowam etdirer. 2022-nji ýylda Türkiýäniň terrora garşy göreş operasiýalary esasan Yragyň demirgazygynda has güýçlendi.Emma heniz Türkiýe terrora garşy göreşde maksadyna ýetip bilmedi. Şol sebäpli hem Türkiýäniň Yragyň demirgazygyndaky terrorçylara we Siriýanyň demirgazygynda ÝPG-niň liderlerine we agzalaryna garşy guraýan operasiýalaryny dowam etdirmegine garaşylýar.

Stambulda guralan bombaly hüjüm ÝPG howpynyň Türkiýe üçin dowam edýändigini görkezdi we Türkiýe 2023-nji ýylda Siriýanyň demirgazygyna ÝPG-nyň gözegçiligi astyndaky ýerlere serhetaşa operasiýa gurap biler.

2023-nji ýylda Türkiýe-Amerika gatnaşyklarynda F-16 harby uçarlarynyň Türkiýä berilmegi meselesi gün tertibinde esasy orun eýelär.Senadyň Daşarky gatnaşyklar komitetiniň başlygy Bob Menendez F-16-laryň Türkiýä eksport edilmegini bökdemek isleýär.

Türkiýäniň Siriýanyň demirgazygynda ÝPG-ä garşy serhetaşa operasiýa guramagy meselesi hem özara gatnaşyklaryň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň, 2023-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlarynda öz saýlaw etabynda bolşy ýaly Erdogana garşy tutum alyp barmagy, Türkiýäniň içerki syýasatynda we özara gatnaşyklarda uly dartgynlyga sebäp bolup biler.

Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar Egeý we Gündogar Ortaýer deňizi meselesi sebäpli dartgynlaşyp biler.Gresiýanyň Kryt meselesinde öňe sürýän garaýşy we Türkiýe bilen Liwiýanyň arasynda özboluşly ykdysady zolaklar meselesinde baglaşylan şertnama garşy alyp barýan tutumy, 2023-nji ýylda Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda uly dartgynlyga sebäp bolup biler.

Sebäbi Gresiýa şol zolakda uglowodorod gözleg işleriniň geçirilmegi meselesinde birnäçe firma bilen şertnama baglaşypdyr. 2023-nji ýylyň ortalarynda Türkiýede we Gresiýada geçiriljek saýlawlar bilen dartgynlygy azaltmak we üçünji taraplaryň degişli bolmagynda geosyýasy manýowr ukuby çäkli bolar.

Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky dartgynlyk, Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklara hem täsirini ýetirýär. Şol sebäpli 2023-nji ýylda hem Türkiýe-Gresiýa gatnaşyklarynda başdan geçirlip bilinjek dartgynlyklar, Türkiýe-Amerika gatnaşyklaryna hem ýaramaz täsirini ýetirer.

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň 2023-nji ýylda hem pugtalanmak bilen dowam etmegine garaşylýar. Türkiýe ermenileriň basyp alyşlygyndan halas edilen Garabag sebitiniň galkynyşy we durnuklylygy meselesinde Azerbaýjana goldaw bermäge dowam eder. Türkiýe mundan başgada, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda harby dartgynlygyň öňüniniň alynmagy üçin tagalla etmäge dowam eder.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putiniň Türkiýäni energetika merkezi ýagdaýyna getirmek teklibiniň durmuşa geçirlip geçirilmändigine garamazdan 2023-nji ýylda Azerbaýjanyň gazy Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa akdyrylmaga dowam eder. Türkmenistanyň hem etaba degişli bolmagy şol mümkinçiligi artdyrar.

Ukrainadaky söweş 2023-nji ýylda hem dowam eder. Russiýa-Ukraina söweşi meselesi Türkiýäniň gün tertibinde esasy orun eýelemäge dowam eder. Türkiýe Ukraina we Russiýa bilen geçirýän gepleşikleri sebäpli galla geçelgesi ylalaşygynyň dowam etdirilmegi üçin edýän tagallasyny dowam etdirer. Türkiýe mundan başgada 2023-nji ýylyň dowamynda taraplaryň arasynda parahatçylyk gepleşikleriniň ýaňadandan başlamagy we dartgynlygyň azaldylmagy üçin tutanýerli tutum alyp barar.

2023-nji ýylda Ýakyn Gündogar meselesi bilen birlikde birnäçe ýurduň arasynda dowam edýän kadalaşma etaby gün tertibinde esasy orun eýelär. Sebitdäki kadalaşma we ylalaşyk etabynyň dowam etmegi üçin esasy howp bolsa Ysraýylyň hökümeti bolar.

SETA-nyň Howpsyzlyk bölüminiň başlygy Professor Murat Ýeşiltaşyň Türkiýäniň 2023-nji ýylda alyp barjak daşary syýasaty hakyndaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gaza hüjümleri
Ysraýylyň Gaza hüjümleri
Hepdäniň Syny
Gresiýa Harby Goşunda Özgertmeler Eder
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan: "Türkiye hökmünde biz indi her ugurda we her stolda bardyrys" diýdi
Halkara ulgam, uly ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Müsüre goldaw berýär.