Serdar Azmun Baýerden Roma geçdi

Serdar Azmun Baýerden Roma geçdi

Eýranly ýyldyz hüjümçi Serdar Azmun karýerasyny Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň ýene birinde Italiýanyň çempionaty Serie A-da dowam etdirer.

28 ýaşyndaky hüjümçi paýtagt Rimiň Roma topary bilen 1 ýyllyk kärendesine şertnama baglaşdy. Roma topary möwsümiň ahyrynda Azmuny ymykly düzümine geçirmek islese, onda Germaniýanyň Baýer klubuna 12 million ýewro bermeli bolar. Azmun meşhur tälimçi Žoze Mourinionyň tälimçiligindäki klubda 17-nji belgili köýnekçede oýnar.

Tanymal hüjümçi Baýerde 1,5 möwsüm çykyş edip, 44 duşuşykda 5 gol geçirdi.Ondan öň 4 möwsüm Zenitde 104 duşuşykda 62 goly öz adyna ýazdyrdy.Zenitden öňem Rubin we Rostow toparlarynda çykyş eden Azmun bu klublaryň hersinde 77 duşuşyk geçirip, Rubinde 17, Rostowda-da 25 gezek tapawutlandy.

Eýranyň ýygyndysynda 71 oýunda 45 gol geçiren Azmunyň täze çempionatda nähili başarnyk görkezjekdigi hemmeleri içgin gyzyklandyrýar.

Ýene degişli makalalar

Serdar Azmun italýan klubuna transfer boldy
Serdar Azmun italýan klubuna transfer boldy
Aşgabatda türkmen-tatar işewürlik maslahaty geçiriler, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 15 ýyllygyny bellär, Daşoguzda 7 sany köpgatly ýaşaýyş jaýy gurlar we beýleki habarlar
Serdar Azmun Türkmenistana garşy oýna gatnaşmak üçin Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy
Azmun “Serie A”-daky ilkinji goluny geçirdi
Azmun Baýeriň düzüminde bassyr ikinji oýunda gol urdy