Serdar Azmun italýan klubuna transfer boldy

Italiýanyň “Roma” kluby Germaniýanyň “Baýer” toparyndan erýanly hüjümçi Serdar Azmuny transfer etdi.Rimliler 28 ýaşly hüjümçi bilen 1 ýyllyk kärendesine şertnama baglaşdy.Möwsümiň ahyrynda-da “Roma” gerek bolan ýagdaýynda Azmuny 12 million ýewro töläp, ymykly düzümine-de geçirip biler.

Azmunda geçen 2022-nji ýylyň ýanwarynda “Zenitden” “Baýere” geçipdi.Ol nemes klubunda 44 oýunda 5 gezek tapawutlandy.Professional karýerasyna “Rubinde” başlan Azmun “Rostow” hem-de “Zenit” klublarynda oýnady.

Ol “Rubinde” 77 oýunda 17, “Rostowda” 77 oýunda 25, “Zenitde” 104 oýunda 62 gol geçirdi.

Azmun “Romada” 17-nji belgili köýnekçäni geýer.

Ýene degişli makalalar

Serdar Azmun italýan klubuna transfer boldy
Serdar Azmun Baýerden Roma geçdi
Aşgabatda türkmen-tatar işewürlik maslahaty geçiriler, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 15 ýyllygyny bellär, Daşoguzda 7 sany köpgatly ýaşaýyş jaýy gurlar we beýleki habarlar
Serdar Azmun Türkmenistana garşy oýna gatnaşmak üçin Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy
Azmun bilen Saud Arabystanynyň klublary gyzyklanýar
Türkmenhowaýollary Moskwa gatnawlaryny togtatdy, Lebapda 500-den gowrak ýaş mugallym işe başlar, Türkmenistan Galkynyş gaz känindäki mümkinçiliklerini artdyrýar we beýleki habarlar