Serdar Berdimuhamedow 14-15-nji iýulda Özbegistanda saparda bolar

Serdar Berdimuhamedow 14-15-nji iýulda Özbegistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-15-nji iýulda Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar diýip, özbek döwletiniň Baştutanynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Goňşy döwletiň Liderleri türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşini we hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini maslahatlaşarlar diýlip, bildirişde aýdylýar.Gepleşikleriň barşynda Bilelikdäki Beýanyň kabul edilmegi we ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmeklik meýilleşdirilýär. Özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, senagat hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, ulag-üstaşyr mümkinçilikleri herekete girizmek, suw hojalyk ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmek, sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, meseni-ynsanperwer alyş-çalyş — gepleşikleriň esasy meselesi bolar.

Saparyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistanyň Parlamentinde (Oliý Majlis) duşuşygy hem-de Samarkand şäheriniň ýadygärliklerine baryp görmegi meýilleşdirilýär

Ýene degişli makalalar

Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygy geçirildi
Türkmenistandan Türkiýä amala aşyryljak uçar gatnawlarynyň senesi mälim edildi, Aşgabat-Ahal welaýaty ugry boýunça awtobus gatnawy ýola goýuldy, Änewde täze metjidiň gurluşygyna girişildi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti S.G.Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.M.Mirziýoýewiň bilelikdäki Beýannamasy
Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy