Serdar Berdimuhamedow arap ýurtlary bilen lukmançylyk, sport, medeni-ynsanperwer, ekologiýa, Russiýanyň sirkleriniň Türkmenistanyň welaýatlaryndaky çykyşlary 24-nji sentýabra çenli dowam eder we beýleki habarlar

Serdar Berdimuhamedow arap ýurtlary bilen lukmançylyk, sport, medeni-ynsanperwer, ekologiýa, Russiýanyň sirkleriniň Türkmenistanyň welaýatlaryndaky çykyşlary 24-nji sentýabra çenli dowam eder we beýleki habarlar

Türkmenistan

1.Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük iş saparyny tamamlap, Aşgabada dolandy.Saparyň dowamynda ol Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda birnäçe başlangyçlary öňe sürdi.Hususan-da, ol 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň Birinji maýa goýum forumyny geçirmäge taýýardygyny belledi, medeni hyzmatdaşlygyň täze platformasyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi, Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Ekologiýa geňeşiniň döredilmegi baradaky meselä seretmegi teklip etdi. Şeýle hem döwlet Baştutany 2025-nji ýylda Aşgabat şäherinde Lukmançylyk kongresini geçirmegi teklip etdi we Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Birinji halkara sport oýunlaryny geçirmäge taýýardygyny nygtady.

2.Russiýanyň iki meşhur sirki Wernadskiý şaýolundaky Moskwanyň uly döwlet sirki hem-de Reňkli bulwardaky Nikulin adyndaky Moskwa sirki Türkmenistandaky gastrol çykyşlaryny dowam etdirýärler. 7-nji awgustda tamamlanjak Aşgabatdaky üstünlikli çykyşlaryndan soňra, olar ýurduň ähli sebitlerine bararlar we ýerli tomaşaçylary özboluşly çykyşlary bilen tanyşdyrarlar.

Türkmen-rus medeni hyzmatdaşlygynyň taryhynda ilkinji gezek sirk çykyşlary diňe bir paýtagtda däl, eýsem, welaýat merkezlerinde hem geçiriler. Çykyşlar her sebit merkezinde ýerleşýän we sirk çykyşlary üçin ýörite enjamlaşdyrylan Türkmeniň ak öýi binasynyň döwrebap konsert meýdançalarynda geçiriler.

3. 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy wiza resmileşdirmegiň täze düzgünlerini girizer.Indi Russiýanyň wizasyny almak üçin visa.kdmid.ru saýtynda elektron maglumatnamany (anketany) doldurmaly we resminamalary tabşyrmak üçin q.midpass.ru saýtynda elektron nobata ýazylmaly.

El bilen ýazylan maglumatnamalar (anketalar) indi kabul edilmeýär.Ilçihana şeýle çäreleriň Russiýa baryp görmek isleýän Türkmenistanyň raýatlaryna wiza bermek işini çaltlaşdyrmaga we optimizirlemäge kömek etjekdigini belleýär.

4. 17-nji iýulda türkmen wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna resmi sapary başlandy.Wekiliýete Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, senagat we elektroenergetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow ýolbaşçylyk edýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti bilen Koreýanyň premýer-ministri Han Doksunyň arasynda duşuşyk geçirildi.Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini bellediler.

5.Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi 2023-nji ýylyň 8-nji iýunyndan bäri hereket edýän ýangynlary döwlet hasabatyna almagyň Düzgünlerini takyklady.Täze düzgünlere görä, ýyladyş peçlerinde ýakylýan ýangyçlardan bölünip çykýan zäherli gazyndan heläk bolan ýa-da zäherlenmek sebäpli saglyk ýagdaýy pese gaçan (eger-de ot ýangyç ýakylýan ýerden, ojakdan daşyna ýaýramadyk bolsa), elektrik togunyň ulgamynda dürli sebäplere görä dörän gysga utgaşmanyň netijesinde heläk bolan ýa-da tenine şikes ýeten adam, ýangyn sebäpli heläkçilik çeken diýlip hasap edilmeýär.

Bu çözgüt Ýangyn howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ýangynlary döwlet hasabatyna almagyň düzgünlerini kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.Buýruk Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hasaba alyndy we hukuk maglumatlarynyň portalynda tanyşmak üçin elýeterlidir.

Dünýäde

6.Moskwanyň Domodedowo howa menzilinde T2 terminalynyň çäginde täze Enäniň we çaganyň otagy açyldy.Bu ýerde çagalaryň ýaşyna görä bölünen oýun otaglary göz öňünde tutulandyr.Olarda daş-töweregi gurşap alýan dünýäni öwrenmek üçin oýun modullary ornaşdyrylandyr. Şeýle hem gowy dynç almak üçin ýatylýan otag enjamlaşdyrylandyr, çagany gundamak we arassaçylyk otagy, zerur enjamlar ýerleşdirilen aşhana meýdançasy göz öňünde tutulandyr. Çagaly eneler mugt arlyklar we bir gezek ulanylýan gundaglar bilen üpjün edilýär, çagalaryň wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin otagda animatorlar hem işleýärler.

7.Sent-Luisdäki Waşington uniwersitetinde robotyň kömegi bilen dünýädäki ilkinji bagyr çalyşmak operasiýasy geçirildi.Operasiýa üstünlikli geçdi, täze bagyr ýerleşip, işläp başlady.Operasiýadan bir aý geçenden soň, ol adam agyry we rahatsyzlyk duýmazdan özbaşdak hereket etmegi başardy.

Gepatitden ejir çekýän 60 ýaşly näsaga onkologiki keseli we sirroz sebäpli gyssagly operasiýa geçirmek talap edildi.Transplantasiýa operasiýasyna dolandyryş pultynyň kömegi bilen uniwersitetiň baş hirurgy gözegçilik etdi.Lukman operasiýa hassany ultra ýokary durulykly 3D görnüşinde görkezýän ekranyň üsti bilen gözegçilik etdi.

Onuň ýolbaşçylygyndaky ähli hereketler robot tarapyndan ýerine ýetirildi.

Sport habarlary

8. Daşkende mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça Aziýanyň 17-nji çempionaty dowam edýär. Türkmen küştçüleri Mähri Agamyradowa (G13) we Läle Şöhradowa (G17) nusgawy wagt düzgünleri bilen geçirilen ýaryşda degişlilikde kümüş we bürünç medallara eýe boldular. Aziýa çempionaty şu gün blits ýaryşy bilen tamamlanar. Çempionata Hindistan, Hytaý, Mongoliýa, Gazagystan, Özbegistan we Russiýa ýaly 17 ýurtdan 330 küştçi gatnaşýar.

9. Britaniýanyň abraýly FourFourTwo neşiriniň bellemegine görä, Aşgabadyň Köpetdag stadiony dünýäniň iň gowy 100 stadionynyň sanawynda 75-nji orny eýeledi. Sanaw bäş görkeziji göz öňünde tutup düzüldi: taryhy, atmosferasy, sygymy, binagärligi we daşky gurşawy. Sanawda birinji orny Argentinanyň Bombonera stadiony eýeledi. Ikinji orunda Braziliýanyň Marakana stadiony, üçünji orunda bolsa Dortmundyň Borussiýasynyň Signal Iduna Park stadiony ýerleşdi.

10. Awstraliýada we Täze Zelandiýada futbol boýunça zenanlaryň arasynda dünýä çempionaty başlaýar. Bu ýylky ýaryş record derejä eýedir: kubok üçin 32 ýygyndy göreşer. 20-nji awgusta çenli dowam etjek ýaryşyň oýunlary iki ýurduň 10 stadionynda geçiriler. Toparçalaýyn tapgyry 3-nji awgustda tamamlanar, pleý-off tapgyry bolsa 5-nji awgustda başlanar. Final duşuşygy Sidneý stadionynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Ysmail Gaspyraly
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ysraýylyň Hüjümlerinde 26 Müň 422 Palestinaly Ýogaldy
Somalide Bombaly Hüjüm Guraldy
“Gaza Sektorynda 108 Žurnalist Öýlerine Atylan Bombalar Sebäpli Öldürildi”
Pakistanda bombaly hüjüm guraldy
Ysraýyl, Gazany Bombalamaga Dowam Edýär