Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda ýene bir diş merkezini gurmagyň zerurdygyny aýdýar

Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda ýene bir diş merkezini gurmagyň zerurdygyny aýdýar

15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşyda täze hassahanany açdy we dabara gatnaşan hökümet agzalary bilen saglygy saklaýyş meseleleri barasynda mejlis geçirdi diýip TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berýär.

Emeldarlaryň öňünde çykyş eden prezident ýurtda aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşilýär diýip, bu işleri talaplara laýyk dowam etdirmegiň zerurdygyny sözüne goşdy. Onuň koronawirusa garşy göreşi göz öňünde tutup-tutmandygyny anyklaşdyrylmaýar.

Owalky maglumatlarymyza görä, ýurdyň häkimiýetleri Covid-19-i agzamakdan gaça durup, dem alyş ýollary arkaly ýokaşýan kesel, möwsümleýin ýokanç kesel ýa-da beýleki jümleler bilen çalyşýarlar.

Şeýlede kiçi Berdimuhamedow hökümetiň ýaş nesilleriň saglygyny we ahlagyny ösdürmek üçin işini dowam etjekdigini aýdýar. Öňki habarymyza laýylykda, golaýda parlamentiň deputatlary Balkanda aýal-gyzlar bilen türkmen däp-dessurlary, maşgala mukaddesligi, edep we terbiýe kadalary barada agitasiýa-wagyz işlerini geçirdiler.

Prezident saglygy saklaýyş we saglyk senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesowa ýüzlenip, “Raýatlardan gelýän ýüzlenmeleriň barha artýandygyny göz öňünde tutup,paýtagtda ýene bir diş merkezini hökman gurmak zerurlygy ýüze çykdy” diýip habar berýär.

Ol merkezi adatdan daşary tiz kömek şäher merkeziniň garşysyndaky boş meýdanda gurmagy tabşyrdy.

Belllesek, şol şäher merkezi Görogly, Bekrewi hem 2072 köçeleriniň çatrygynda ýerleşýär. ”Onuň göni garşysynda” boş meýdan ýok.

Şol çatrygyň demirgazyk-günbatarynda awtobus duralgasy, biraz günbatarynda bolsa, (aşakdaky etrabyň kartasyna seret) hususy gurluşyk etraby başlaýar.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň eýýäm beren maglumatlaryna görä, fewral aýynda ýerli ýaşaýjylara jaýlarynyň (etrapda 300 jaý bar) ýykyljakdygy duýdurylypdy.

Iki hepde mundan öň ol ýerdäki öňki türkmen-türk uniwersitetiniň binasy weýran edilmäge başlandy.

Aşgabatda ýene bir diş merkezini gurmagyň maksadalaýykdygyny’ fewral aýynda uly Berdimuhamedow aýdypdy.The post Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda ýene bir diş merkezini gurmagyň zerurdygyny aýdýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022—2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama boýunça brifing geçirildi
Serdar Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylarynyň 28-sini wezipä belledi
Türkmenistanyň Prezidenti ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek boýunça resminamalara gol çekdi
Türkmenbaşydaky köpugurly hassahana halkara güwänamalaryň üçüsi gowşuryldy
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda guruljak ikinji Stomatologiýa merkeziniň ýerleşjek ýerini kesgitledi
Eýran bilen Türkmenistan saglygy goraýyş pudagyndaky hyzmatdaşlyga garady