Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Welosport konfederasiýasynyň prezidentini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Welosport konfederasiýasynyň prezidentini kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Welosipedçileriň Halkara Birleşiginiň wise-prezidenti, Aziýanyň Welosport konfederasiýasynyň prezidenti Osama Al-Şafary kabul etdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman wagt tapyp kabul edendigi we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Welosipedçileriň Halkara Birleşiginiň welosiped sportunyň ösdürilmegine önjeýli goşant goşýan Türkmenistan bilen däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Bellenişi ýaly, Türkmenistan sport ulgamynda uly üstünlikleri gazanýar we ilaty sagdyn durmuş ýörelgelerine işjeň çekmekde halkara bileleşigine mynasyp nusga görkezýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmana hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, bu gezekki saparyň çäklerinde welosiped sporty boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, Türkmenistanda welosiped sportunyň ösdürilişi bilen tanyşmak üçin zerur mümkinçilikleriň dörediljekdigine ynam bildirdi hem-de geçiriljek gepleşiklerde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşykda welosiped sporty boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanda soňky ýyllarda sportuň bu görnüşiniň uly meşhurlyga eýe bolandygy bellenildi. Şeýle-de ýurtda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işler, bu ugurda gazanylan üstünlikler we Türkmenistanyň öňe süren halkara başlangyçlarynyň dünýäde gyzgyn goldaw tapandygy, hususan-da, ýurduň başlangyjy esasynda, BMG-niň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan edendigi barada aýdyldy.

Söhbetdeşligiň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň sportuň ähli görnüşleri boýunça iri halkara ýaryşlary geçirmäge ukyplydygyny, Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki ýapyk Welotrek binasyny ulanmagyň mümkinçiliklerine seretmäge taýýardygyny belledi.

Myhman Türkmenistanyň iri sport ýaryşlaryny guramakda tejribe toplandygyny, onuň ýurtda dünýä ýaryşlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmekde ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigini belledi.

Döwlet Baştutany myhmanyň Türkmenistanyň Mejlisi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal Milli Geňeşiniň arasyndaky parlamentara dostluk toparynyň başlygy bolup durýandygyny-da belläp, Türkmenistanyň BAE bilen iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidini esasy ugur edinýän dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we myhman netijeli hyzmatdaşlygyň işjeň dowam etjekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglygyny we öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna 186 döwletden türgenler gatnaşarlar
Ylhamyň, gözelligiň mekany
Ylhamyň, gözelligiň mekany
3-NJI IÝUN BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI
Aşgabatda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna 186 döwletden türgenler gatnaşarlar
Türkmenistan we Ermenistan halkara derejesinde hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar