Serdar Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

Serdar Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Baştutany, şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýany Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Bu barada: Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary we gyzgyn myhmansöýerlik üçin Onuň Alyjenaby Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de Onuň Alyjenabyny resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi diýip, iki ýurduň Liderleriniň Bilelikdäki Beýannamasynda bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda BAE-niň Prezidentiniň çakylygy boýunça bu ýurda iki günlük resmi sapary amala aşyrýar.

Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň sapary 22-nji noýabrda hem dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary başlandy
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti bilen gepleşik geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýda BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidentine daşary ýurtly kärdeşlerinden Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar