Serdar Berdimuhamedow Bahreýn Patyşalygynyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanyldy

Serdar Berdimuhamedow Bahreýn Patyşalygynyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanyldy

Şu gün Manamada geçirilen ýokary derejeli türkmen-bahreýn gepleşikleri tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Bahreýn Patyşalygynyň ýokary döwlet sylagy — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordeni bilen sylaglanyldy.

Al Gudaýbiýýa köşgüniň uly mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidentine bu abraýly sylagy Bahreýniň Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifa gowşurdy. Serdar Berdimuhamedow bu ýokary sylag üçin minnetdarlyk bildirip, ony Türkmenistana, türkmen halkyna hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi. Bu barada Türkmenistan gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Bahreýn Patyşalygynyň ilkinji Emiri Şeýh Isa bin Salman Al Halifanyň adyny göterýän bu orden Bahreýn Patyşalygynyň ýokary döwlet sylagy hasaplanýar. Ol ýurduň häzirki Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifa tarapyndan 1999-njy ýylyň oktýabrynda döredilip, döwlet hem hökümet Baştutanlaryna, Mirasdüşer Şazadalara, wise-premýerlere, ministrlere, harby gullukçylara we beýlekilere bitiren aýratyn hyzmatlary üçin berilýär.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan bilen Bahreýniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge we ösdürmäge goşant uly şahsy goşandy, alyp barýan parahatçylykly, döredijilikli syýasaty üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Bahreýniň Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordeni bilen sylaglanypdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny Milli güni mynasybetli gutlady
Manamada Türkmenistanyň Prezidenti bilen Bahreýniň Patyşasynyň arasynda gepleşikler geçirilýär
Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasyny Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy
Manamada ikitaraplaýyn resminamalaryň 11-sine gol çekildi
Türkmenistan bilen Bahreýniň arasynda demirýol ulaglarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ähtnama gol çekildi
Serdar Berdimuhamedowa arap tohum atlary sowgat berildi