Serdar Berdimuhamedow BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada başlangyjy tassyklady

Serdar Berdimuhamedow BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada başlangyjy tassyklady

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyrýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda, Türkmenistanda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada başlangyjy tassyklady. Bu barada TDH ýazýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, şu ýylyň 13-nji noýabrynda sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini bellemek möhümdir we şol sebit maksatnamalary bolsa howa tehnologiýalaryny Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň döwletlerine geçirmäge gönükdirilendir.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidenti 80 milliona golaý ilatly, täsin tebigy serişdelere, bioköpdürlülige eýe bolan we şol bir wagtyň özünde düýpli ekologik wehimleriň zolagynda ýerleşýän sebit üçin BMG-niň ýöriteleşdirilen merkezini döretmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjy bu gün aýdyň mümkinçiliklere eýe bolýandygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Baş Assambleýanyň mejlisiniň resminamasy: Türkmenistanyň Prezidentiniň milli garaýyşlary neşir edildi
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan COP28-de öňe sürlen milli garaýyşlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde neşir edildi
Bitaraplyk ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Türkmenistan BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalar merkeziniň ýurtda açylmagyny goldaýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada başlangyjy tassyklady