Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan COP28-de öňe sürlen milli garaýyşlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde neşir edildi

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan COP28-de öňe sürlen milli garaýyşlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde neşir edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 1-2-nji dekabrynda Dubaý şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna (COP28) gatnaşyjylaryň maslahatynyň ýigrimi sekizinji mejlisinde eden çykyşyndaky howanyň üýtgemegi we daşky gurşawyň howpsuzlygy baradaky milli garaýyşlaryň beýany Baş Assambleýanyň 78-nji mejlisiniň resmi resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde neşir edildi we ýaýradyldy.

Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.

Resminamada Türkmenistanyň Global Metan borçnamasyna goşulmagy we Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) bilen bilelikde BMG-niň Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi tehnologiýalary Sebit merkeziniň Türkmenistanda açylmagy üçin kanuny esas döredilendigi barada habar berilýär.

Beýannama Baş Assambleýanyň 78-nji mejlisiniň gün tertibiniň Adamzadyň häzirki we geljekki nesilleriniň bähbidine global howany goramak hem-de Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk zolagy bentleri boýunça neşir edildi diýip, çeşme belleýär.

Ýene degişli makalalar

Baş Assambleýanyň mejlisiniň resminamasy: Türkmenistanyň Prezidentiniň milli garaýyşlary neşir edildi
Serdar Berdimuhamedow BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada başlangyjy tassyklady
Bitaraplyk ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Türkmenistan BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalar merkeziniň ýurtda açylmagyny goldaýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada başlangyjy tassyklady