Serdar Berdimuhamedow Budapeştde Ýewropada iň şüweleňli feýerwerke tomaşa etdi

Serdar Berdimuhamedow Budapeştde Ýewropada iň şüweleňli feýerwerke tomaşa etdi

Ozal habar berşimiz ýaly, 20-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow Premýer-ministr Wiktor Orbanyň çakylygy boýunça Wengriýada iş saparynda boldy. TDH-nyň habar berşi ýaly, günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutany Milli atletika merkezine ugrady. Dunaýyň gündogar kenarynda gurlan bu täze sport toplumynda şu günler Ýeňil atletika boýunça XIX dünýä çempionaty geçirilýär. Sportuň bu görnüşi tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýedir.

19-njy awgustda badalga alan ýaryşlara 200-den gowrak ýurtdan türgenleriň 2 müňden gowragy gatnaşýar. Wengriýanyň paýtagty Budapeşt Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny ilkinji gezek kabul edýär. Munuň özi Ýeňil atletika federasiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň (World Athletics) howandarlygynda guralýan ýaryşlaryň 19-njysydyr.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sportuň iň meşhur görnüşleriniň biri boýunça dünýä birinjiliginiň ýaryşlaryna tomaşa etmegi Türkmenistanda sport hereketini höweslendirmäge we ösdürmäge, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly üns berilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalydyr.

Budapeştiň Milli atletika merkezine gelende, Prezident Serdar Berdimuhamedowy ýene-de Premýer-ministr Wiktor Orban mähirli garşylady.

Bu ýerde Türkmenistanyň döwlet Baştutany beýleki belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde iň gyzykly ýaryşlaryň biriniň — erkekleriň arasynda 100 metr aralyga ylgamak boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň tomaşaçysy boldy.

Bu ýerde wenger tarapynyň adyndan belent mertebeli myhmanlar üçin her ýyl 20-nji awgustda bellenilýän Wengriýanyň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli kabul edişlik guraldy.

Karmelitleriň ybadathanasynda bolan dabaraly kabul edişlikden soňra, Ýewropada iň şüweleňli feýerwerk guraldy. Belent mertebeli myhmanlar bu şüweleňli sport baýramçylygyna tomaşa etdiler.

Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Budapeştiň Ferens List adyndaky halkara howa menziline bardy we şol ýerden Aşgabada ugrady.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WENGRIÝA IŞ SAPARY
Dunaý kenaryndan agyp, Budapeşti gark etdi
Belentden ýaňlanan owazlar
Türkmen prezidenti Wengriýa sapar edip, hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy, dabaralara gatnaşdy
ÝEWROPA UGRY TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASY STRATEGIÝASYNDA MÖHÜM ÄHMIÝETE EÝEDIR