Serdar Berdimuhamedow çagalary bilen baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy

Serdar Berdimuhamedow çagalary bilen baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Älem medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki Baş arçanyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryndan soňra, çagalary Aýgül hem-de Aýjeren bilen bile Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen baýramçylyk çäresine gatnaşdy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Baýramçylyk dabarasyna ýurduň ýolbaşçylar düzümi, şeýle-de daşary ýurtlaryňdyr halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik gulluklarynyň wekilleri-de öz çagalarydyr agtyklary bilen gatnaşdylar.

Bu ýerde, ilki bilen, dabaraly baýramçylyk çäresiniň alypbaryjysy hem-de Täze ýyl baýramynyň esasy gahrymany Aýazbaba döwlet Baştutanyny we ähli dabara gatnaşyjylary Täze ýyl baýramy bilen gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňra bagtyýar çagalar şadyýan aýdym-sazlary, joşgunly tanslary ýerine ýetirdiler. Şeýle-de Täze ýyla bagyşlanan beýleki çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Bagtyýar nesiller öz ukyp-başarnyklaryny buýsanç duýgulary bilen beýan etdiler. Şadyýan çykyşlar uly ruhubelentlige beslendi.

Soňra baýramçylyk dabarasynyň alypbaryjysynyň söz bermegi bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň çagalary Aýgül hem-de Aýjeren baýramçylyk arçasynyň ýanynda Täze ýyl sowgady hökmünde türkmen, rus hem-de iňlis dillerindäki goşgulary labyzly aýdyp berdiler.

Soňra bagtly döwrüň zehinli, bagtyýar körpesi Aýjeren Täze ýyl mukamyny we Jüýjelerim aýdymynyň sazyny çalyp berdi.Soňra bu aýdymyň şowhunly sazyna şadyýan çagalar üýşüp, joşgunly tanslary ýerine ýetirdiler.

Dabaraly çäräniň dowamynda soňra bagtyýar çagalar Täze ýylyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbabadyr Garpamyk bilen el tutuşyp, körpeleriň baýramçylyk aýdymynyň şadyýan owazy astynda, owadan bezelen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlandylar.

Dürli halklaryň milli lybaslaryny geýnen şadyýan körpeler dürli dillerdäki aýdymlary uly şatlyk hem başarjaňlyk bilen ýerine ýetirdiler. Aýdymlar olara mahsus özboluşly tans hereketleri bilen utgaşdy.

Körpeler ýerine ýetiren aýdym-sazlary, tanslary, buýsançly çykyşlary bilen öz zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler hem-de baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da belende göterdiler.

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň hem-de Döwlet sirkiniň artistleri-de çagalara özleriniň döredijilik sowgatlaryny eçildiler. Olaryň çykyşlary şowhunly el çarpyşmalar bilen utgaşdy.

Bagtyýar çagalaryň Aýazbaba aýdyp beren Täze ýyl goşgulary dabaranyň özboluşly bezegine öwrüldi.

Soňra dabara gatnaşýan bagtyýar çagalara ýörite taýýarlanylan süýjülik torty hödür edildi hem-de baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda gyşky dynç alyş möwsümi dowam edýär
ÝURDUMYZYŇ TÄZE ÝYL BAŞ ARÇASYNYŇ YŞYKLARY NUR SAÇDY
Ýurdumyzyň Täze ýyl baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Türkmenistanyň baş Täze ýyl arçasynyň baýramçylyk yşyklary ýakyldy
Ýurdumyzyň teatrlarynda 3 5-nji noýabr aralygynda görkeziljek sahna oýunlary
Ýurdumyzyň teatrlarynda 26 29-njy oktýabrda görkeziljek sahna oýunlary