Serdar Berdimuhamedow döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryny we IIM-niň başlygyny täzeledi

Serdar Berdimuhamedow döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryny we IIM-niň başlygyny täzeledi

Döwlet metbugatyna görä, 6-njy aprelde Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow howpsuzlyk mejlisini geçirip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny wezipä belledi. Şeýle-de, täze prezident Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň täze düzümini tassyklady.

Döwlet baştutany öňki içeri işler ministri Öwezdurdy Hojanyýazowy wezipesinden boşadyp, onuň ornuna Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň başlygy Muhammet Hydyrowy içeri işler ministri wezipesine belledi.

TDH-nyň habaryna görä, prezident öňki ministriň işden kowulmagyny onuň bu wezipede işlän döwründe goýberen kemçilikleri üçin alan berk käýinçleri we duýduryşlary bilen esaslandyrdy.

Polisiýanyň podpolkownigi Hojanyýazow içer işler ministri wezipesine geçen ýylyň iýulynda bellenildi. Hojanyýazowdan ozal polisiýanyň general-maýory Mämmethan Çakyýew ýurduň içeri işler ministri wezipesini ýerine ýetirýärdi.

Has ozal, 10 ýyla golaý ýurduň içeri işler pudagyna gözegçilik eden Isgender Mulikow 2019-njy ýylyň noýabrynda korrupsiýa aýyplamalary bilen uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilenden soňra, ýurtda azyndan üçünji içeri işler ministri bu wezipä bellenilýär.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň dowamynda beýleki howpsuzlyk meseleleri bilen bir hatarda köçe ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary tizlikde ele salnan käbir sürüjileriň jogapkärçilige çekilendigi aýdyldy.

Howpsuzlyk mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň guramaçylyk işleri bilen bagly kararlar hem kabul edildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça orunbasary wezipesi ýapyldy. Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň başlygynyň howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Çary Amanowy wezipeden boşatdy. Amanowyň ornuna goranmak ministri Begenç Gündogdyýew Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesine bellenildi.

Ynsan hukuklaryny kemsitmekde tankyt edilýän türkmen hökümetiniň başlygy we döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Çary Amanowy wezipeden boşadyp, oňa ýurt raýatlarynyň "hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda" bitiren işleri üçin sagbol aýtdy.

Çary Amanowyň işden boşadylmagy onuň täze işe geçmegi bilen esaslandyryldy, ýöne onuň täze wezipesi aýdylmaýar.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesine täze bellenen Begenç Gündogdyýew 1997-2009-njy ýyllar aralygynda ýurduň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda dürli wezipelerde işledi.Ol 2009-njy ýylda goranmak ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

Geçen döwrüň dowamynda Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy, Döwlet serhet gullugynyň başlygy ýaly wezipelerde işledi.Ol çarşenbe güni geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşinde azyndan 3-nji gezek ýurduň goranmak ministri wezipesine gaýtadan bellenildi.

Gündogdyýew harby wezipelerde işlän döwürlerinde birnäçe gezek käýinç we berk käýinç aldy, hem-de birnäçe gezek onuň harby çini peseldildi.

Has ozal, Gündogdyýew Türkmenistanyň Birleşen Ştatlardaky harby ataşesi wezipesinde hem işlerdi. Ol 1997-nji ýylda ýurduň Harby akademiýasyny tamamlady, 2012-nji ýylda Belarusyň Harby akademiýasyny gaýybana tamamlady.

Serdar Beridmuhamedow prezident wezipesine girişeli bäri, Ministrler Kabinetinde we Döwlet howpsuzlyk geňeşinde täze iki ýokary derejeli resmini wezipä belledi. Ol 25-nji martda Muhammetguly Muhammedowy premýer-ministr, 6-njy aprelde Muhammet Hydyrowy içeri işler ministr wezipelerine belledi.

Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet howpsuzlyk geňeşinde geçirýän üýtgeşmeleri onuň kakasy, öňki prezident, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň dynç alýan wagtlaryna gabat gelýär.

Ýatlasak, 25-nji martda täze hökümet düzülende öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow prezident-ogly Serdar Berdimuhamedowdan dynç alyş rugsadyny sorady. Türkmen metbugatyna görä, eks-prezident 1-nji aprelde dynç alyş rugsadyna çykdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Ýene degişli makalalar

Analiz: “Täze eýýamda-köne heňňamlar…” (Serdar Berdimuhamedowyň prezidentligine bir aý boldy)
Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny belledi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesinden boşadyldy
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze içeri işler ministrini belledi
Berdimuhamedow IIM Mämmethan Çakyýewi wezipesinden boşatdy