Türkmenistanyň sebitlerinde ýangyna garşy 8 sany howpsuzlyk nokady gurlar

Türkmenistanyň sebitlerinde ýangyna garşy 8 sany howpsuzlyk nokady gurlar

Ministrler Kabientiniň 15-nji oktiýabrdaky mejlisinde Döwlet howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Çarymyrat Amanow welaýatlarda ýangyna garşy 8 sany howpsuzlyk nokadynyň açyljakdygy barada hasabat berdi diýip TDH döwlet habarlar gullugy maglumat berdi.

Prezident Berdimuhamedow kärhanalarda we edaralarda ýangyn howpsuzlygy düzgünlerini berjaý etmegiň, şeýlede raýatlaryň olary ýerine ýetirmeginiň möhümdigini belledi.

Ol täze nokatlarda ýangynyň ýüze çykandygyny duýduryjylaryň hem işlemelidigini sözüne goşdy.

4-nji oktiýabrda Berdimuhamedow IIM Öwezdurdy Hojanyýazowa iň ahyrky duýduryş bilen berk käýinç yglan edipdi we beýleki meseleler bilen birlikde ministrligiň ilkinji wezipesiniň ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmekden ybaratdygyny nygtapdy.The post Türkmenistanyň sebitlerinde ýangyna garşy 8 sany howpsuzlyk nokady gurlar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň içeri işler ministriniň täze orunbasary wezipä bellenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna we Içeri işler ministrine berk käýinç yglan edildi
Berdimuhamedow IIM-e ahyrky duýduryş bilen berk käýinç yglan etdi
Türkmenistanyň Prezidenti içeri işler ministrine berk käýinç yglan etdi