Serdar Berdimuhamedow FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino bilen duşuşdy

Serdar Berdimuhamedow FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino bilen duşuşdy

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim ben Hamad Al Taniniň çagyrmagy boýunça Katar Döwletine sapar bilen bardy.

Dohadaky Halifa stadionynyň ýokary derejeli myhmanlara niýetlenen zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kataryň Emiri Şeýh Tamim ben Hamad Al Tani bilen ikiçäk duşuşygy geçirildi.

Soňra türkmen döwletiniň Baştutany saparynyň maksatnamasyna laýyklykda Kataryň paýtagty Dohada geçirilýän futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Halifa stadionynyň hormatly myhmanlar üçin niýetlenen ýörite ýerinde Katar Döwletiniň Premýer-ministri, içeri işler ministri Halid ben Halifa ben Abdulaziz At Tani bilen mähirli salamlaşdy. Gysgaça gürrüňdeşlikde söhbetdeşler birek-birege hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de iki ýurduň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

Şeýle-de bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Futbol assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň — FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino birek-biregi mähirli mübäreklediler.

FIFA-nyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň şu saparynyň sport ulgamynda, aýratyn-da, futbol babatda halkara derejedäki gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetini belledi. Türkmenistanda sportuň we Olimpiýa hereketiniň giňden ösdürilýändigine ünsi çekip, hususan-da, sportuň futbol görnüşini giňden ýaýbaňlandyrmak ugrunda halkara derejede tagallalary birleşdirmekde FIFA-nyň ýardam bermeginiň uly ähmiýeti nygtaldy.

Türkmen döwletiniň Baştutany hem-de FIFA-nyň prezidenti birek-birege päk niýetli arzuwlaryny aýdyp, duşuşygyň ahyrynda ýadygärlik surata düşdüler.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow stadionyň meýdançasynda şol wagt dowam edýän futbol boýunça Dünýä çempionatynyň 1/8 final duşuşygyna tomaşa etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna çagyrylmagy Türkmenistanyň Katar bilen döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejedediginiň ýene bir subutnamasy boldy.

Türkmen döwletiniň Baştutany futbol boýunça Dünýä çempionatynyň 1/8 final oýnuna tomaşa edenden soň, Halkara Halifa stadionyndan çykyp, Doha şäheriniň Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň wekilleri bilen hoşlaşyp, Aşgabada ugrady.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Katara sapar etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Katarda Niderlandlaryň we ABŞ-nyň futbol oýnuna tomaşa etdi
Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri bilen duşuşdy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SAPAR BILEN KATAR DÖWLETINDE BOLDY
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Milli güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň Emiri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi