Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Türkmenistandaky täze ilçisi bilen duşuşdy

Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Türkmenistandaky täze ilçisi bilen duşuşdy

4-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Askar Tažibaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany hem-de doly ygtyýarly wekil özara hormat goýmak we birek-biregi goldamak ýörelgeleri esasynda guralýan, ägirt uly kuwwata eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle-de geçen ýylda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ýurdumyza bolan döwlet sapary mahalynda we iki ýurduň Liderleriniň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek bilen bagly meselelere garaldy.

Halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça çemeleşmeleriň we garaýyşlaryň ýakyndygynyň dürli derejede türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde amatly şertleri döredýändigi bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda ähli zerur tagallalary we toplan tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa — Italiýa birinji sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa — Italiýa birinji sammitindäki çykyşy
Minerallar diplomatiýasy’. Tramp Merkezi Aziýa liderleri bilen ýokary derejeli sammiti geçirýär
Özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy
Ak tamda ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar