Serdar Berdimuhamedow Germaniýanyň Türkmenistandaky täze ilçisini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Germaniýanyň Türkmenistandaky täze ilçisini kabul etdi

2-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihael Uwe Birhoffy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidente hoşallygyny bildirip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýän Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň hem-de Federal kansleri Olaf Şolsuň mähirli salamlaryny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda halkara başlangyçlaryň özara goldanylmagynyň döwletlerimiziň üstünlikli hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysalydygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň bähbidine kybap gelýän hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine özara gyzyklanma bildirilýändigi bellenildi.

Söwda-ykdysady ulgam hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.Türkmenistanyň hem-de Germaniýanyň senagatyň dürli pudaklarynda, oba hojalygynda, bank, şeýle-de ulag-kommunikasiýa ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy bellenildi.Germaniýanyň iri kompaniýalarynyň köpüsi türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýär.

Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns çekildi.Saglygy goraýyş ulgamyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GERMAN YKDYSADYÝETINIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞDY
Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
25-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi  
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ TÄZE BELLENEN ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Germaniýanyň Prezidenti Gaza Bilen Bagly Beýannama Berdi