Serdar Berdimuhamedow giňişleýin Hökümet mejlisini geçirdi

Serdar Berdimuhamedow giňişleýin Hökümet mejlisini geçirdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisde ýurduň dürli ulgamlarynda we sebitlerinde şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy.

Mejlisiň barşynda wise-premýerleriň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri girizildi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiň barşynda, ilki bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurduň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işler, geçirilen çäreler barada maglumat berdiler. Şunda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli kanunçylygy, hereket edýän kanunlary kämilleşdirmekdäki tagallalary, ýurduň sebitlerine, şeýle-de daşary ýurtlara amala aşyran saparlary, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, deputatlaryň gatnaşýan çäreleri, şol sanda geçirýän wagyz-nesihat işleri barada hem aýdyldy.

Giňişleýin Hökümet mejlisinde wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler, şol sanda geçirilen çäreler, olaryň netijeleri, döwlet Baştutanynyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, türkmen wekiliýetleriniň daşary ýurtlara saparlarynyň jemleri, daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana amala aşyran saparlary, pudaklar boýunça garalýan döwürdäki makroykdysady görkezijiler, öňde boljak çärelere, şol sanda baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri, Bitarap Türkmenistanyň gazanan halkara üstünlikleri barada hasabatlary berdiler.

Mejlisiň barşynda Aşgabat şäheriniň häkimi şu ýylyň 11 aýynda paýtagtyň jemagat hojalygy gulluklarynda, önümçilik düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatda Täze ýyl baýramyna taýýarlygyň çäklerinde Aşgabat şäherinde abadanlaşdyryş we bezeg işleriniň alnyp barlyşy barada hem aýdyldy.

Soňra döwlet Baştutany ýylyň başyndan bäri ýurduň obasenagat toplumynda we welaýatlarynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňledi. Welaýatlaryň häkimleri hasabatlarynda şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri hakynda aýdyp, sebitlerde Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hem habar berdiler.

Mejlisde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna Daýhan birleşikleriniň suwarymly ýerlerini döwlet tabşyrygyna girýän bugdaýy we gowaçany ösdürip ýetişdirmek üçin uzak möhletleýin kärendesine bermegiň Tertibiniň taslamasy hödürlenildi. Resminamada daýhan birleşikleriniň suwarymly ýerlerini uzak möhletleýin kärendesine bermek hem-de daýhan birleşikleriniň we oba hojalyk önümlerini öndürijileriň arasynda önümçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň kadalary göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutany mejlisiň barşynda ýurduň dürli toplumlarynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary ösdürmek ugrundaky wezipeler, Täze ýyl baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip:

— Dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara we aýry-aýry pudaklaryň işinde bar bolan kemçiliklere garamazdan, biz şu ýyl milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli ösüşini saklap galýarys.Hasabat döwründe halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly önüm öndürmegiň möçberleri artdy.

Kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýy hem köpelýär.Döwlet býujetine serişdeleriň gelip gowuşmagy bellenen tabşyryklaryň çäklerinde üpjün edildi.Zähmet haklary, pensiýalar we döwlet kömek pullary tassyklanan Tertibe laýyklykda tölenýär. Önümçilik we ýaşaýyş-durmuş maksatly köp sanly desgalar ulanmaga berildi.

Eksporta niýetlenen önümleri artdyrmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagy netijesinde, dürli görnüşli önümleriň eksport edilen möçberi, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 50 göterime golaý köpeldi. Şuny göz öňünde tutup, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we täze görnüşli önümleri öndürmegiň hasabyna eksporty artdyrmak boýunça işleri dowam etmeli.

Umuman, şu ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça ýurdumyzda kanagatlanarly netijeler gazanyldy diýip aýdyp bolar. Muňa garamazdan, yhlasly we netijeli işlemegi dowam edip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini depginli ösdürmelidiris. Şu ýylyň daşary syýasat babatda hem netijeli we baý many-mazmunly bolandygyny aýtmak isleýärin — diýip belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, döwlet Baştutany mejlisi jemledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan 21-nji ýanwardaky maslahata taýýarlykly barýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi
Ösüşiň belent sepgitlerine tarap
Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda ilkinji Hökümet mejlisini geçirdi