Serdar Berdimuhamedow iki günlük sapar bilen Samarkanda bardy

Serdar Berdimuhamedow iki günlük sapar bilen Samarkanda bardy

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistanyň Samarkant şäherine bardy.

Türkmenistan gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, irden döwlet Baştutanynyň uçary Samarkant şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy.Howa menzilinde belent mertebeli türkmen myhmanyny Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow we beýleki resmi adamlar, şol sanda türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Iki günlük iş saparynyň birinji gününiň maksatnamasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Samarkant sammitine gatnaşýan käbir ýurtlaryň Liderleri hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary göz öňünde tutulýar. Şeýle-de hormatly Prezident Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowy hatyralap, onuň mawzoleýine gül dessesini goýar.

Günüň ikinji ýarymynda wekiliýet Baştutanlary bilelikde Hormatly myhmanlar seýilgähinde nahal oturdyp, Baky şäher medeni-etnografik toplumyna baryp görerler. Ýeri gelende bellesek, 2001-nji ýylyň 15-nji iýunynda döredilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy hemişelik esasda hereket edýän halkara hökümetara guramadyr.

Häzirki wagtda dünýäniň 8 döwleti ― Hindistan, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Pakistan, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan onuň agzalygyna girýär.Käbir ýurtlar bolsa onuň işine synçy, dialog boýunça hyzmatdaş derejesinde gatnaşýar.

Türkmenistan bu guramanyň sammitlerine hormatly myhman hökmünde çagyrylýar.

Ýene degişli makalalar

ÝB Samarkant sammitinde Merkezi Aziýa bilen gatnaşygyny güýçlendirmegi maksat edinýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana iş sapary tamamlandy
Hormatly Prezidentimiziň Özbegistana iş sapary tamamlandy
ГОСУДАРСТВЕННЫЙ ВИЗИТ ПРЕЗИДЕНТА ТУРКМЕНИСТАНА В РЕСПУБЛИКУ УЗБЕКИСТАН
Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Samarkanda geldi
Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana sapary başlandy