Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana iş sapary tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana iş sapary tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana iş sapary tamamlandy. Prezident Serdar Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda Daşnet şäherindäki Islam Karimow adyndaky halkara howa menzilinden Aşgabada ugrady. Howa menzilinde Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Özbegistanyň Premýer-ministri Abdylla Aripow we beýleki resmi adamlar ugratdylar. Bu barada Özbegistanyň Milli habarlar agentligi habar berdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana amala aşyran iş saparynyň dowamynda ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitine gatnaşdy. Hususanda, sammitiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti guramanyň çäklerinde ýangyç-energetika, ulag-logistika we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiziň Özbegistana iş sapary tamamlandy
ÝB Samarkant sammitinde Merkezi Aziýa bilen gatnaşygyny güýçlendirmegi maksat edinýär
ГОСУДАРСТВЕННЫЙ ВИЗИТ ПРЕЗИДЕНТА ТУРКМЕНИСТАНА В РЕСПУБЛИКУ УЗБЕКИСТАН
Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Samarkanda geldi
Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana sapary başlandy
Serdar Berdimuhamedow iki günlük sapar bilen Samarkanda bardy