Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emirini ýurduň Milli güni bilen gutlady

Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emirini ýurduň Milli güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ýola goýuldy hem-de netijeli alnyp barylýar — diýip, türkmen döwletiniň Baştutany gutlagynda belleýär hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze sepgitlere ýetirmäge taýýardygyny aýdyp, şol gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä berk jan saglygyny, abadançylygy we asylly işlerinde üstünlikleri, Katar Döwletiniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Erdogan we Al Tani geçiren telefon arkaly söhbetdeşliklerinde sebitleýin wakalary ele aldylar
Katarda “EKSPO-2023” halkara sergisi açyldy
EKSPO-2023 halkara sergisi geçirilýär
Türkmenistan we Katar medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar
Erdogan Gaza Sektorunda Ara Zolak Döretmek Pikirine Garşy
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Milli güni bilen gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri Katar Döwletiniň Emirini gutlady