Serdar Berdimuhamedow Kawasaki ýapon kompaniýasynyň wekilini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Kawasaki ýapon kompaniýasynyň wekilini kabul etdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin gelen Kawasaki Heavy Industries Ltd. ýapon kompaniýasynyň strategiki meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabeni kabul etdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda Türkmenistanda amala aşyrylýan, milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga we okgunly ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Işewür wekilçilik edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlyga çalyşýandygyny nygtap, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändigini we türkmen hyzmatdaşlaryna öz tejribesini hem-de iň täze tehnologik işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Kawasaki Heavy Industries Ltd. kompaniýasynyň strategiki meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler we birek-birege berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, işde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisinde birnäçe resminama gol çekildi
Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy giňeldilýär
Awazada halkara sergi we maslahat dowam edýär
CIET 2025: Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen resminamalara gol çekdi
Döwlet Baştutanymyz ýapon işewürleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy