Serdar Berdimuhamedow Tokiodaky olimpiýadanyň öň ýanynda Türkmenistanyň ýygyndysy bilen ýola düşdi

Serdar Berdimuhamedow Tokiodaky olimpiýadanyň öň ýanynda Türkmenistanyň ýygyndysy bilen ýola düşdi

16-njy iýulda Türkmenistanyň ýygyndysyny Ýaponiýada geçýän tomusky Olimpiýada ýollamak dabarasy kaşaň “Sport” myhmanhanasynda boldy.

Dabara premýer-ministriň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan türgeni Serdar Berdimuhamedow, sport çinownikleri gatnaşdylar diýip TDH döwlet täzelikler gullugy habar berdi.

Owalky maglumatlara görä, Tokiýoda geçýän Olimpiýada gatnaşmaga Türkmenistandan 7 türgen hukuk gazandy. Emma, TDH 9 agzanyň Tokiýo gidýändigini habar berdi. Onuň düzüminde ýenede 2 sany suwda ýüzýän türgen bar.

2020-nji ýylky Tokiýo tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hukugyny gazanan agyr atletikaçylar–Hojamuhammet Toýçiýew (109 kg), Öwez Öwezow (109 kg), Rejepbaý Rejebow (81kg çenli) Polina Gurýewa (59 kg çenli), Kristina Şermetowa (55 kg çenli ) Mergen Mämmedow ( ýeňil atletika) we Gülbadam Babamyradowa 52 kilograma çenli dzýudo boýunça bäsleşerler.

Suwda ýüzmek boýunça Merdan Ataýew (100-200 metre) we Darýa Semýonowa ( 100 metre ) ýaryşlaryna gatnaşar.

Dabarada premýer-ministriň orunbasary, prezident kakasynyň ýüzlenmesini okady we onuň “Olimpiýa oýunlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanan türgenleriň garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna sowgatlar getirjekdigine ynanýandygyny” habar berdi.

Olimpiýa oýunlary 23-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda geçiriler.

Garaşsyz Türkmenistanyň türgenleri soňky 30 ýyl çemesi döwürde geçen Olimpiýa oýunlarynda haýsyda bir medal gazanmadylar.

Emma, Türkmenistanyň ýakyn goňşylary Azerbeýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Eýranyň türgenleri bu döwürdäki Olimpiýadalarda ençeme Altyn we beýleki medallary aldylar.The post Serdar Berdimuhamedow Tokiodaky olimpiýadanyň öň ýanynda Türkmenistanyň ýygyndysy bilen ýola düşdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Tomusky Olimpiýa oýunlaryna türkmenistanly 9 türgen gatnaşar
Tokio-2020: türkmen Olimpiýaçylary uly ynam bilen iň iri sport baýramçylygyna ugradyldy
Aşgabatda Türkmenistanyň toparyny Olimpiýa oýunlaryna ugradyş dabarasy
Türkmenistanyň toparyny Olimpiýa oýunlaryna ugradyş dabarasy
Türkmen türgenleri Tokiodaky koronawirus aladalarynyň arasynda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýar
Iki türkmen sportçysy Tokio olimpiadasynda ýaryşdan çykdy