Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Awstriýadaky täze ilçisini wezipä belledi

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Awstriýadaky täze ilçisini wezipä belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Hemra Sapargylyjewiç Amannazarow Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Türkmenistan gazetiniň habar bermegine görä, döwlet Baştutanynyň gol çeken Resminamasyna laýyklykda Hemra Sapargylyjewiç Amannazarowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejesi berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken ýene bir Permanyna laýyklykda, ilapberdi Aşyrgeldiýewiç Nurberdiýew başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Wengriýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Çehiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Slowakiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň hemişelik wekili hem-de Ýadro synaglaryny hemmetaraplaýyn gadagan etmek baradaky Şertnama Guramasynyň (Wena şäheri, Awstriýa Respublikasy) taýýarlaýyş toparynyň ýanyndaky wekili wezipelerinden boşadyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Meniň Watanym atly kinofestiwalyň ýeňijileri belli boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany