Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze Hökümetini düzdi

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze Hökümetini düzdi

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde şu gün, 25-nji martda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde täze Hökümetiň düzümini tassyklady. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary wezipelerine ozalky ýolbaşçylary bellenildi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hökümet agzalaryny täzeden wezipe bellemek bilen, täze döwürde ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi üçin zerur tejribeleriniň bardygyny belledi. Öň, TmCars.info-nyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti degişli düzümde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňünde öz ygtyýarlyklaryny tabşyrdylar.

Ygtyýarlyklaryny tabşyran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümi düzülýänçä öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam etmäge borçly edilipdi.Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet, bank we halkara maliýe guramalary boýunça orunbasary wezipesine Muhammetguly Muhammedowy belledi.

M.Muhammedow 2013-2014-nji ýyllarda Türkmenistanyň maliýe ministriniň orunbasary, 2014-2017-nji ýyllarda maliýe ministri wezipelerinde işledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň daşary söwda dolanşygy 40,9% artdy
Ýanwar-aprel: Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 42,5% artdy
Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 40% ýokarlandy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynda iş saparynda boldular
29.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
28.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy