Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynda iş saparynda boldular

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynda iş saparynda boldular

14-18-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary M.Muhammedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen boldy.

Saparyň dowamynda taraplaryň wekiliýetleriniň ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gümrük hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň arasynda 20262028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak we giňeltmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyny taýýarlamak we ylalaşmak meselelerine aýratyn üns berildi. Bu Meýilnama gümrük işiniň sanlylaşdyrylmagy, maglumat alyş-çalyşy, işgärleri taýýarlamak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde wekiliýet Elektron deklarirleme merkezine, Russiýanyň gümrük akademiýasyna, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň Kinologiýa merkezine baryldy we bu edaralaryň iş tejribesi bilen tanşyldy.

Bu iş sapary Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň gümrük gulluklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryň bardygyny tassyklady.

Çeşme: customs.gov.tm

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük gulluklary bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyny maslahatlaşdylar
29.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
28.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy
ÝURDUMYZYŇ TEATRLARYNDA
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze Hökümetini düzdi