Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň ýanyndaky dabaralara gatnaşdy

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň ýanyndaky dabaralara gatnaşdy

Şu gün — 28-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baş arçasynyň ýanynda, Älem medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada guralan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany bu ýerde dabara gatnaşýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy.

Çagalar Prezident Serdar Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen garşylap, bagtyýar çagalyk üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. Bu ýerde körpeleriň tüýs ýürekden ýerine ýetiren we belent ruha beslenen goşgy setirleri geljege ynamly garamagyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda bagtyýar durmuşda ýaşaýandyklaryna bolan çuňňur hoşallyk bolup ýaňlandy.

Joşgunly sazlaryň astynda Prezident Serdar Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde Täze ýyl arçasynyň ýanyna bardy.

Bu ýerde Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary Aýazbaba we Garpamyk hem-de tamamlanyp barýan 2023-nji ýylyň nyşany bolan towşanyň we ýetip gelýän 2024-nji ýylyň nyşany bolan luwuň keşbine giren çagalar türkmenistanlylaryň, ýaş nesilleriň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowy Täze ýyl bilen gutladylar.

Soňra döwlet Baştutany ýaşajyk artistleriň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýaş artistlere ajaýyp çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de çagalar bilen bilelikde arçanyň daşyndan aýlanyp, olaryň şatlygyny paýlaşdy.

Soňra dabara gatnaşan çagalaryň ählisine Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.

Döwlet Baştutany çagalaryň haýyşy boýunça, olar bilen bilelikde, ýurduň Baş arçasynyň ýanynda ýadygärlik surata düşdi.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Ýurdumyzyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ ARÇASYNYŇ ÇYRALARY ÝAKYLDY
Aşgabatda ýurduň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy