Serdar Berdimuhamedowa musulman döwletleriniň ýolbaşçylaryndan gutlag hatlary gelip gowuşýar

Serdar Berdimuhamedowa musulman döwletleriniň ýolbaşçylaryndan gutlag hatlary gelip gowuşýar

Tutuş musulman dünýäsinde giňden bellenilen Oraza baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna dostlukly döwletleriň ýolbaşçylaryndan gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlaglary iberenleriň hatarynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saud, Owganystanyň Hökümetiniň Başlygy Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahund bar.

Gutlaglary iberenler Prezident Serdar Berdimuhamedowy rehimdarlygy we ruhy päkligi alamatlandyrýan, adamzady agzybirlige, parahatçylyga çagyrýan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, parahatçylyk, durnuklylyk arzuw edýärler.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna gutlag hatyny iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy
5-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Er-Riýadda Bitewi suw sammitine gatnaşdy