Sergi-ýarmarka ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň artýan mümkinçiliklerini görkezýär

Şu gün paýtagtymyzda “Söwda we hyzmat-2017” atly sergi-ýarmarka açyldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezi iki günlük hakyky supermarkete öwrüldi. Sergini guraýjylar ony hut şu görnüşde ýaýbaňlandyryp, bir uly meýdançada pudaklaryň köp wekillerini jemlediler.

Gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän ilçihanalaryň wekilleri çagyryldy.

Ýygnananlaryň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Bu gözden geçiriliş söwda ulgamynyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, içerki bazaryň bolçulygyny, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň önümçiliginiň ösüşini görkezmelidir. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda bu serginiň söwda ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirdi.

Gözden geçirilişe Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň esasy kärhanalarynyň hem-de düzümleriniň elliden gowragy gatnaşýar.Olaryň hatarynda azyk söwda kärhanalary, iri döwlet söwda mekrezleri hem-de lomaý-bölek söwda kompaniýalary, “Türkmeneksport” döwlet kärhanasy, serhetýaka söwdasynda ýöriteleşdirilen “Howdan-Bajygyran” söwda şereketi, Aşgabat şäheriniň bazarlar birleşigi bar.

Sergide ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň önümçilik-söwda guramalary hem-de alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleri özleriniň diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Jemgyýetçilik iýmiti babatda hyzmatlar ulgamyna “Mizan” täjirçilik merkezi, “Kümüş-Aý”, “Ruhubelent”, “Altyn Ýyldyz” kärhanalary, “Parahat” medeni-dynç alyş merkezi we beýlekiler wekilçilik edýärler.Sergide beýan edilen hyzmatlaryň beýleki ugurlarynyň hatarynda kompýuter we myhmanhana hyzmatlary bar.

Sergä gatnaşýanlaryň arasynda pudak üçin hünärmenleri taýýarlaýan Söwda kooperatiw mekdebini hem-de Başlangyç hünär okuw mekdebini, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky “Şir” hokkeý toparyny hem-de “Biznes reklama” gazetini görkezmek bolar.

Bu olaryň ählisi ägirt uly zalda sazlaşykly ýerleşdirildi.Sergi hatarlarynda ter gök önümli we miweli tekjeler, ýurdumyzyň azyk senagaty tarapyndan öndürilen dürli görnüşli önümler haýran galdyrýar.Bu ýerde sergä gelenlere türkmen milli tagamlaryndan hem-de Ýewropa, Aziýa halklarynyň we tagamlaryndan hem-de dürli-dümen nygmatlardan dadyp görmek teklip edilýär.

Myhmanlar tagamlardan dadyp görmek bilen birlikde, bu ýerde hyzmat edýän adamlaryň hyzmatynyň derejesine baha berip bilýärler.

Tutuş sergi häzirki günde milli söwda pudagynyň özboluşlylygyny görkezýär. Şu sergi arkaly söwdanyň ösüşiniň ýörelgelerine, içerki bazaryň ýagdaýyna, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň eksport mümkinçiliklerine baha bermek bolýar. Bu ýerde görkezilýän önümleriň köp görnüşleri birnäçe ýyl mundan ozal hem daşary ýurtlardan getirilýärdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, gaýtadan işleýän önümçilikleri ösdürmek hem-de türkmen ykdysadyýet üçin täze senagat ugurlaryny döretmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli işleriň netijesinde ýurdumyzda öndürilýän, uly isleg bildirilýän hem-de bäsdeşlige ukyply önümleriň sanawy barha giňelýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek üçin uly kuwwata eýedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimiziň esasy ulgamlarynda hem-de ýokary we innowasion tehnologiýalara esaslanýan we okgunly ösýän ugurlarynda özara gatnaşyklarynyň täze usullaryny we görnüşlerini gözlemegiň wajypdygyny nygtaýar.

Täze döredilýän ulgamlaryň biri-de elektron pudagydyr. Ol ýaňy-ýakynda peýda boldy, ýöne köp isleg bildirilýän harytlary öndürmegiň tehnologiýasyny özleşdirip, öňe tarap ynamly gadam urýar. Golaýda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda netbuklaryň öndürilişini ýola goýmak barada tabşyryk berdi. Ine, şu günki sergide “Agzybirlik tilsimaty” atly ykjam kompýuterleriň nusgalary hödürlenildi.

Kompýuter tehnologiýalary merkeziniň diwarlyklarynda görkezilen önümler hem uly gyzyklanma döredyär, çünki her ýyl ýurdumyz birinji synp okuwçylary üçin netbuklaryň 143 müňe golaýyny satyn alýar. Olar körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat hökmünde gowşurylýar.

Energiýany az sarp edýändigi, agramynyň ýeňilligi hem-de bahasynyň amatlylygy bilen tapawutlanýan netbuklar diňe bir mekdep okuwçylary üçin däl, eýsem, talyplar üçin hem amatly okuw “guralydyr”. Talyplar sergide netbuklary synagdan geçirip görüp, olaryň daşary ýurtlaryň meşhur önümlerinden birjik-de tapawutlanmaýandygyny bellediler.

Azyk önümleri bölümlerinde hem ýurdumyzda öndürilen täze görnüşli harytlar az däl, şol ýerde önümleriň ählisinden dadyp, olary deňeşdirmek hem-de islegiňe görä almak bolýar. Bu ýerde ähli önümler biziň meýdanlarymyzyň, baglarymyzyň we bakjalarymyzyň önümleri ter görnüşinde hem-de dürli konserwirlenen önümler görnüşinde ýerleşdirilipdir. Tekjelerde dürli çörek- bulka, et-süýt we balyk önümleri hem az däl.

Garpyzlardan we gawunlardan ussatlyk bilen kesilip ýasalan dürli şekilleri görmek bolýar. Bu ýere gelýänlere däp bolan süýji nygmatlar, dürli şireli içgiler, miweler hem hödürlenilýär. Bularyň ählisi özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar, şoňa görä-de, ýarmarka örän gyzykly we köpöwüşginli boldy. Bu ýerde gündogar bazarynyň ajaýyp öwüşginleri häzirki zaman tehnologiýalary we bezegler bilen aýratyn sazlaşyk döredýär.

Tekjeleriň baýlygy bilen türkmenistanlylary haýran galdyryp bilmersiň, ýöne Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň tutuş ulgamyny bir ýerde görmek täsin mümkinçilikdir, şol sanda tejribe, maglumat alyşmak, önümleriň täze görnüşlerini öndürmegi özleşdirmek babatda oňat mümkinçilikdir.

Söwda syýasaty Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň we daşary syýasy gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýleki ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary bilen geçirýän duşuşyklarynda hem şu ugur bilen baglanyşykly meseleler hökmany suratda ara alnyp maslahatlaşylýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly daşary ykdysady aragatnaşyklary ýola goýmak, söwda ulgamynda daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini özleşdirmek babatda daşary bazarlaryň isleglerini we mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça möhüm wezipeleri öňde goýdy.

Söwda-senagat edarasynda geçirilen şu sergä Türkmenistanyň Russiýa, Belarus, Türkiýe bilen bilelikdäki söwda öýleri hem gatnaşdy. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň Hytaýda, Gyrgyzystanda, Gruziýada we beýleki ýurtlarda söwda wekilhanalary açyldy. Bu edaralar arkaly amala aşyrylýan ýokary hilli oba hojalyk we senagat önümleriniň söwdasynyň gerimi barha giňelýär.

Sergide iň özüne çekiji diwarlyklaryň biride “Aşgabat-2017” bilen baglanyşyklydyr.Bu ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary şekillendirilen dokma hem-de sowgatlyk önümler görkezilýär.

Häzirki wagtda paýtagtymyz bu uly sport baýramçylygyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar.Baýramçylyga gatnaşmak üçin dünýäniň ähli künjeklerinden myhmanlaryň müňlerçesi geler. Şeýle derejedäki çäreler mahalynda söwda ulgamy aýratyn güýçlendirilen ýagdaýda işleýär. Şu günki sergini biziň dükanlarymyzyň hem-de bazarlarymyzyň harytlarynyň ähli görnüşlerini netijeli we amatly görkezip, alyjylara ýokary hilli hyzmatlary teklip etmek babatda özboluşly gözden geçiriliş diýip atlandyrmak bolar.

Hyzmatlaryň ýokary medeniýeti daşary ýurtly myhmanlarda ýurdumyz barada ýakymly täsirleriň galmagyna ýardam eder.

Içine dürli-dümen nygmatlardan doly saçaklar ýazylan ak öýler sergi-ýarmarkanyň özboluşly milli bezegine öwrüldi. Olaryň golaýyndaky tagta sekileriň üstünde oturan milli lybasly zenanlar toý pişmesi üçin hamyr ýugurýarlar. Ajaýyp halylaryň hem-de täsin muzeý gymmatlyklarynyň toplumy hem haýran galdyrýar. Şol toplumda durmuşda ulanylýan zatlaryň, halk senetçiligi önümleriniň üsti häzirki zaman sungat eserleri bilen ýetirildi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda lebaply suratkeşleriň toparlaýyn sergisi açyldy
Aşgabadyň bazarlarynda resmi bahalar bilen bilelikde nyrh durnuksyzlygy saklanýar
Tomsuň halanýan önümi
"Döwlet dükanlary boş". Türkmenistan ilatynyň iýmit hukugyny berjaý etmeýär
Dünýäniň iň uly miwedir gök önümleri