SERGIDE SAKLANAN SARPA...

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýylynda 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 10-na Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Türkmenistanyň halk suratkeşi Gurbangeldi Gurbanowyň şahsy döredijilik sergisi geçiriler.

Sergide hödürlenen işlerden, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Gurbangeldi Gurbanowyň “Meniň doglan günüm” 2025ý., “Ýüpek ýol” 2025ý., “Ýaz” 2025ý., “Güýz” 2025ý., “Gyş” 2025ý. “Tomus” 2025ý., “Kese ýapda ýagyş” 2023ý., “Güýz Leýli” 2025ý., “Üç gözel” 2024ý., “Näme sen” 2023ý., “Ýüpek ýol” (Myrat) 2019ý., “Kese ýabyň säheri” 2023ý., “Kosmos” 2020ý., “Düýeler” 2021ý., “Üç gözel” 2019ý., “Merwe gezelenç” 2022ý., “Leýliniň aýdymy” 2025ý., “Ýaz” 2024ý., “Kerwen” 2025ý., “Ak gämi” 2023ý., ýaly eserleri bellenmäge mynasypdyr.

Gurbangeldi Gurbanow 1951-nji ýylda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda dogulýar. Çagalykda sazanda bolmagy arzuw edip, dutar we akkordeon saz gurallaryny çalypdyr. Şota Rustaweli adyndaky çeperçilik uçilişesinde bilim alyp, Çingiz Aýtmatowyň eserlerinden, aýratyn hem “Ak gämi” powestinden täsirlenip döreden nakgaşlyk we grafika eserleri bilen tanalýar.

Gurbangeldi Gurbanow Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy we tanymal erkin suratkeşdir.Halypa suratkeşiň grafika eserleri hem öz mazmunlary boýunça düýpli ýazylan işler hasaplanylýar.Nakgaşçylyk işleri taslama we reňk çözgütleri taýdan aýratyn tapawutlanýar.

Gurbangeldi Gurbanowyň işleri ynsan dünýäsine inçe täsir edýän ýeňil kabul edip bolýan işler hasaplanylýar.Halypa suratkeşiň döredijiliginden ýaş suratkeşlere öwrenmäge diýseň ýol köp.Sebäbi suratkeşiň döredijiliginde, edebiýat sungatyna goýýan sarpasy onuň grafika we nakgaş eserlerinde açyk aýdyň ýüze çykýar.

Gurbangeldi Gurbanowyň eserlerinde türkmen dünýäsiniň keşbi, owadan pursatlar, durmuşyň lezzeti aýratyn pelsepewi pikirler bilen baýlaşdyrylyp çeper beýan edilýär.Eziz diýarymyzda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz şekillendiriş sungatynyň ösmegi we döredijilik adamlarynyň döwrebap zähmet çekmekleri üçin giň ýollar açýar.

Türkmen suratkeşleri birleşen tagallalaryny gaýgyrman ajaýyp çuň mazmunly eserleri döretmekde we halkyň arasynda wagyz etmekde irginsiz zähmet çekýärler.Türkmen halkymyzyň şekillendiriş sungatynyň ösmeginde ägirt uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri şowlulyklara beslensin.

Sergi öz işini 10 gün dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Sungat söýüjileriň söýgüsini gazanan grafikaçy suratkeş
Aşgabatda Mary welaýatynyň suratkeşleriniň döredijilik sergisi dowam edýär
Bäşim Nuralynyň uçgunlary Bagtyýar ýaşlar
ÇARY ÖWWÄÝEWIŇ NATÝURMORT ESERLERI
Togsana ser uran sungat mekdebi
Ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýörelgesi dowam etdirilýär