ÇARY ÖWWÄÝEWIŇ NATÝURMORT ESERLERI

ÇARY ÖWWÄÝEWIŇ NATÝURMORT ESERLERI

Mary nakgaşçylyk mekdebiniň tanymal suratkeşi Çary Öwwäýewiň döredijiligi barada bilmek we öwrenmek örän gyzyklydyr.Ol 1942-nji ýylyň 28-nji aprelinde Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Mülkbagşy obasynda eneden bolýar. 1959-njy ýylda Şota Rustaweli adyndaky Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik uçilişesine okuwa girip, nakgaşçylyk sungatynyň inçe syrlaryny ele almaklyga başlaýar.

Nakgaşlyga ýaňy başlan ýaş suratkeşiň döredijiliginiň has-da taplanmagynda belli mugallym, Türkmenistan watanymyzyň çäginden daşarda-da giňden tanalan nakgaş portretçi suratkeş Durdy Baýramow güýçli täsir edýär.Bu halypa Çary Öwwäýewiň döredijiliginde ýaş talyplyk ýyllaryndan uly orun alyp, sungata çäksiz wepaly bolmagyna, suratkeşiň öz döwrüniň we halkynyň öňünde uly jogapkärçilik duýup, ak ýürekden gulluk etmek baradaky düşünjeleriniň kemala gelmegine itergi beripdir.

Ç.Öwwäýew 1967-nji ýylda Üzümçiler atly diplom işini ýerine ýetirip, okuwyny üstünlikli tamamlaýar.Towşana dogduk depe diýlişi ýaly, 1967-nji ýylda suratkeş dogduk mekanyna dolanyp gelýär we Mary şäherindäki çeperçilik fondunda suratkeş bolup zähmet ýoluna başlaýar.

Halypa suratkeş döredijiliginiň irki döwürlerinde miniatýura, peýzaždyr natýurmortlary erjellik bilen çekip, soňra portret žanryna ýykgyn edýär.Eserlerini döretmezden ol ilki ýerlere gidip, oba adamlary bilen duşuşyp, oba tebigatyndan ylham alýar we dürli etýudlary döredýär.

Suratkeşiň natýurmort eserleri özboluşly milliligi we owadanlygy bilen tapawutlanýar.Natýurmort žanry - sungatyň özbaşdak bir görnüşi hökmünde uly şekillendiriş mümkinçiliklerine eýe bolýar.Onda esbaplaryň diňe bir daşky görnüşi däl, eýsem, olaryň maddy aýratynlygy, gymmatlygy hem görkezilýär.

Suratkeşiň Küýzeler, Guran güller, Narlar, Küýzeler we keýikokaralar, Güýz nygmatlary, Gyzyl hem-de ak güller ýaly eserlerinde türkmen topragynyň tebigatyny, ösümlik dünýäsini täsirli beýan edýär.Sungaty öwrenijilik nukdaýnazaryndan, bu eserlere syn-seljerme bermek we olaryň täsirli taraplaryny okyjylarymyza ýetirmek wajyp işleriň biridir.

Halypa nakgaşyň 1979-njy ýylda ýerine ýetiren Küýzeler atly natýurmort işinde halkymyzyň milli senet önümleri bolan orta asyrlar döwrüniň küýzeleri we golçalary suratlandyrylýar.Olar taryhy döwrüň anyk durmuşy hajatly gap-gaçlary bolandygyny aňladýar hem-de geçmişiň berk we özboluşly esbaplary hökmünde suratlandyrylýar.

Eseriň ýerliginde goýy gyrmyzy reňkli keteni matasy ýerleşdirilýär, ol esere has-da millilik häsiýetini berip, täsirlilik tarapyny güýçlendirýär.

Ç. Öwwäýewiň Guran güller (1983) atly natýurmort eserinde bolsa güýz paslyna bagyşlanyp goýulan zatlar görkezilýär.Miweler, guran ösümlikler altyn güýzüň nyşany bolup öňe çykýar.Natýurmortda iki sany güldanyň içinde guradylan güller bilen birlikde owadan ýelek ýaly gamyş tozgalary şekillendirilýär. Ýöne güldanlaryň biri solagrak reňkli bolup, ol ikinji bölekde ýerleşdirilýär.

Bu ajaýyp çüýşe güldanlaryň töwereklerinde türkmen tebigatynyň naz-nygmatlary bolan almadyr, narlar, hurmalar güller bilen sazlaşykly ýerleşdirilýär.Gülleriň we miweleriň yzynda tebigat bilen bagly bolan baglaryň we deňiz tolkunlarynyň şekillerini hem görmek bolýar.

Bu esere içgin seredenimizde, olaryň ýokarky gatda gurnalandygy görüp bilýäris.Sebäbi natýurmort penjiräniň öňünde ýerleşdirilip, bag ondan aşakda galýar.Gök öwsüp duran tokaýlyk we deňiz tolkunlary natýurmort bilen sazlaşykda ýerleşip, göýä Gollandiýanyň natýurmort suratkeşleriniň eserlerini ýadyňa salýar.

Gyzyl hem ak güller (2003) atly eserde açyk ýagty reňkler şekillendirilýär.Goýy gök reňkli çüýşe güldanynyň içinde ýerleşdirilen ak, gülgüne we gyzyl bägüller rejeli ýerleşdirilýär.Doýgun ýaşyl reňkli matanyň üstünde ýerleşdirilen güldanyň golaýynda goýlan gyzyl reňkli bägül has öňe saýlanýar.

Açyk gök, açyk ýaşyl, açyk gülgün ýerlikde ak gülleriň öwüşgüni çar töwerege ýaýraýar hem-de bägülleriň owadan terliligi bilen şekillendirilendigi açyk görkezýär.

Suratkeşiň Küýzeler we keýikokara (2003) atly eseri milligi we durmuşylygy bilen tapawutlanýar.Agaç oturgyçda ýerleşdirilen toýun küýze, mis tabakdyr jaňjagazlar, kündük we küýzeler, diwarda asylgy duran orak durmuşy esbaplar hökmünde keýikokara ösümligi bilen berk taslama toplumyny emele getirýär.

Natýurmort goýy gök, açyk gök, goňur, goňurymtyk sary, açyk sary reňkleriň çözgüdinde has nusgawy hakykylygy bilen haýran galdyrýar.Güýz nygmatlary (2003) atly naýurmort eserinde türkmen topragynyň bereketli önümleri suratlandyrylýar.

Oturgyjyň üstünde emaý bilen çüýşä gaplanylan şirin miweler hem-de kädileriň dürli görnüşleri eseri synlaýjylaryň dykgatyna ýetirilýär.Suratkeşiň çuň we köptaraply pikirleriniň esasynda güýz nygmatlarynyň gözelligi, lezzeti, baý reňkliligi açylyp görkezilýär.

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, görnükli suratkeş Çary Öwwäýewiň türkmen şekillendiriş sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary örän uludyr. Özüniň döredijiliginde esasan portret sungatyny kämilleşdirmegi ýörelge edinen suratkeş 2012-nji ýylda biziň bilen baky hoşlaşdy. Halypanyň ömrüniň manysy bolan täsin pursatdaky mazmunlylygy, çuňňur duýgy-häsiýetleri özünde saklaýan ajaýyp eserleri ýaş suratkeşlerimize hemişelik nusgadyr.

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
ÇUWAL BAGŞY ADYN ALAN BAGŞY SEN
Söhbediň aýdymy bilen adygan
Türkmenistanyň halk suratkeşi Çary Amangeldiýewiň we Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Amanmuhammet Hydyrowyň döredijilik sergisi
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Çary Amangeldiýewiň hem-de Amanmuhammet Hydyrowyň döredijilik sergisi açyldy
Hasyl bolan arzuw