Wladimir Maşkow 60 ýaşady

Wladimir Maşkow 60 ýaşady

Russiýanyň iň görnükli aktýorlarynyň biri Wladimir Maşkow 60 ýaşyny belledi. Ol diňe bir rus kinosynda däl, Golliwudda hem onlarça keşpleri döretdi. Maşkow soňky bäş ýyl bäri Tabakerka teatryna ýolbaşçylyk edýär diýip, MIR 24 ýazýar.

RF-niň halk artisti Maşkowda ýyldyz keseli asla ýok, ol žurnalistler bilenem, ýaş aktýorlar bilen hem diýseň hoşamaý, ýaşlara tejribesini gysganmaýar. Teatr onuň ikinji öýi. Halypasy, meşhur sungat işgäri Oleg Tabakowyň esaslandyran bu teatrynda ol zähmet ýoluna başlapdy.

Baş keşni janlandyran Ogry atly filmi Maşkowa Golliwuda ýol arçady. Ony bu ýere kino düşmäge çagyrdylar. Ol Tom Kruz, Robert de Niro, Skarlet Ýohanson ýaly ýyldyzlar bilen kino düşdi. Emma Golliwuddaky kiçijik keşpleri Maşkowy irizdi we ol Watanyna Russiýa dolandy.

Ýene degişli makalalar

Golliwudyň aktýorlarynyň atlaryny dogry ýazmaga çagyrdylar
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Arnold Şwarsenegger awtoulag heläkçiliginde welosiped sürüjisini ýaralady
Kewin Kostneriň mülki kärendesine berilýär
Türkmenistan Türkiýede we Siriýada adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly gynanç bildirdi we beýleki habarlar