Golliwudyň aktýory we režissýory Kewin Kostner (Janpena, Robin Gud: ogrylaryň şazadasy, Suwlar dünýäsi) maliýe ýagdaýyny gowlandyrmak üçin Kolorado ştatyndaky Danwar atly mülk ýerini kärendesine berýär. Bu barada Komsomolska prawda ýazýar.
Aktýoryň mülk ýeri bir günlük üçin kärendesine 36 müň amerikan dollaryna berilýär. Onuň çäginde iki jaý, şypahana merkezi we golf meýdançasy, şeýle-de kiçiräk derýa bar. Mülk bir wagtyň özünde 27 myhmany kabul edip bilýär.
Kewin Kostner 68 ýaşynda, ol filmlerde surata düşmegini dowam etdirýär. Häzirki wagtda ol Gorizont filmini surata düşürýär, şol bir wagtyň özünde hem şol filmde keşp janlandyrýar.
