Sesden tiz uçýan geljegiň uçary döredildi

Hytaýyň “Space Transportation” kompaniýasy “Cuantianhou” (adatdan daşary) adyn alan uçaryň ýene bir täze modelini hödürledi.SpaceNews-iň habar bermegine görä, ýakyn geljekde şeýle uçar Pekinden Nýu-Ýorka çenli ýolagçylary bary-ýogy 2 sagadyň dowamynda eltip biler.

Täze model Bremende geçirilen “Space Tech Expo & Conference Europe” halkara konferensiýasynda görkezilip, onuň birinji prototipi 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda synagdan geçirilmeklik göz öňünde tutulýar.Adatdan daşary uçaryň tizligi sagatda 4900 km-e ýetip biler. Şeýle hem ol şol bir wagtyň dowamynda sagatda iň ýokary tizlige- 6100 km ýetmäge ukyply bolup, 20 km-den gowrak belentlikde uçup, 3000 km-e golaý aralygy geçer diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy Fan Den gürrüň berýär.

Kompaniýa 2027-nji ýyla çenli iki ýolagçy gatnatmaga ukyply bolan enjamy döretmegi, ondan soňra hem 50 ýolagça niýetlenen, uzynlygy- 30 metr, agramy- 70 tonna, tizligi bolsa 6100 km-e ýetjek kuwwatly uçaryň has uly görnüşini satuwa çykarmagy hem meýilleşdirýär.

Bu barada naked-science.ru ýazýar.

Mährem BABAMYRADOWA,

TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy

Ýene degişli makalalar

“SpaceX”, “Huawei”, “Samsung” we “Amazon” kompaniýalarynyň wekilleri Aşgabatda jemlenerler
“Ozon” Türkmenistanda satuwlary ýola goýmak boýunça gepleşikleri geçirýär
Altun: "Ýoluň açyk bolsun Alper Gezerawjy. Buýsan Türkiye, dowamy bolar" diýdi
Türkiýäniň Ilkinji Astronawtynyň Emeli Hemra Ýolagçylygy Başlady
Prezident Erdogan "Ilkinji astronawtly älem missiýasy" bilen bagly beýanat berdi
Türkmenistanda doglan kosmonawt türk kosmonawtyny garşy aldy