Seulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi“ atly kitaby bilen tanyşdyrylyş boldy

Çäräni Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Sejon Uniwersiteti bilen bilelikde gurnady. Oňa uniwersitetiň mugallymlarydyr professorlary, talyplary we uçurymlary, Koreýa—Merkezi Aziýa Assosiasiýasynyň başlygy, Seulda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyşyň barşynda Gündogar bilen Günbataryň arasynda ykdysady, diplomatik, ynsanperwer gatnaşyklaryň ösmeginde Beýik Ýüpek ýolunyň orny we türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny, onuň milli gymmatlyklaryny, döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeleri wagyz etmekdäki ähmiýeti bellenildi. Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň eserinde Ýewraziýa giňişliginde goşulyşma prosesine, syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyga, şeýle hem halklaryň özara medeni gatnaşyklaryna möhüm ähmiýet berilýändigi nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, kitapda gozgalan ynsanperwer, ykdysady we daşary syýasat ugurlary KR-synyň Ýewraziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we bütewi ulag-logistika, energetika, söwda-ykdysady giňişligi kemala getirmäge, şeýle hem ylym, tehnologiýalar, medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklara gönükdirilen ýurduň hökümetiniň amala aşyrýan Ýewraziýa başlangyjy“ jähtinden Koreýa üçin hem möhümdir.

Tanyşdyrylyşyň dabaraly bölegi tamamlanandan soň myhmanlara we oňa gatnaşanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Ýene degişli makalalar

Seulda 2026-njy ýylyň şygaryna we Türkmenistananyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Geljek nesliň dialogy 2024 atly foruma gatnaşýar
Günorta Koreýada Bolan Ýol Heläkçiliginde 9 Adam Ýogaldy
Koreýanyň Prezidentiniň maşgalasy Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasyna minnetdarlyk hatyny iberdi
Türkmenistan 17-nji "Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy" forumynyň taýýarlyk maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistan we Günorta Koreýanyň LS Cable & System kompaniýasy optiki kabelleriň önümçiligi barada maslahatlaşdylar
Türkmen ilçisi “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” forumynyň taýýarlyk maslahatyna gatnaşdy