Türkmenistan 17-nji "Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy" forumynyň taýýarlyk maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan 17-nji "Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy" forumynyň taýýarlyk maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Seuldaky ilçisi Begenç Durdyýew 8-nji awgustda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň esasy binasynda geçirilen "Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy" Hyzmatdaşlyk forumy sekretariatynyň 15-nji ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisine gatnaşdy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçilerinden we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Demirgazyk-Gündogar we Merkezi Aziýa işleri boýunça bölüminiň baş müdirinden ybarat bolan ýerine ýetiriji komitetiň agzalary, şu ýylyň güýzünde Seulda geçirilmegi meýilleşdirilýän 17-nji Hyzmatdaşlyk forumyny geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, duşuşyga gatnaşyjylar geçiriljek forumyň gün tertibine degişli meseleleri, şeýle hem 2025-nji ýyl üçin "Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy" forumunyň iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň Seuldaky ilçihanasynyň web-saýtynda habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçileriniň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy
Koreýa Respublikasynyň Intellektual eýeçilik ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi
Seulda 2026-njy ýylyň şygaryna we Türkmenistananyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
ABŞ bilen Hytaý Seulda söwda gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdy
Seulda Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji saparyna taýýarlyk görülýär
Daşary işler ministri Fidan Günorta Koreýaly kärdeşi bilen duşuşdy
Seul halkara syýahatçylyk sergisi