Daşary işler ministri Fidan Günorta Koreýaly kärdeşi bilen duşuşdy

Daşary işler ministri Fidan Günorta Koreýaly kärdeşi bilen duşuşdy

Daşary işler ministri Hakan Fidan Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlaryna guraýan saparyny dowam etdirýär.

Ministr Fidan Singapura we Indoneziýa guran saparyndan soň Günorta Koreýa bardy. Daşary işler ministri Fidan saparynyň üçünji duralgasy bolan Günorta Koreýada kärdeşi Ço Hen bilen duşuşdy.

Ministr Fidanyň Seula guraýan saparynyň çäginde ykdysadyýet we söwda gatnaşyklary meselesi esasy orun eýeleýär.

Türkiýe Günorta Koreýa bilen ykdysady taýdan edýän gatnaşyklaryny ösdürmegi we Erkin söwda şertnamasynyň göwrüminiň giňledilmegini maksat edinýär.

Iki ýurduň arasynda goranyş segaty pudagy boýunça edilýän gatnaşyklar hem saparyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

Hakan Fidanyň Seulda geçirjek gepleşikleriniň çäginde Altaý tanky, ýaragly we ýaragsyz uçarmansyz howa ulaglary taslamasy ýaly birlikde amala aşyryljak täze taslamalar ara alnyp maslahatlaşylar.

Daşary işler ministri Fidanyň saparynyň çäginde şeýle hem Russiýa-Ukraina söweşi, Eýranda, Palestinde, Siriýada we Gündogar Aziýa ýurtlarynda başdan geçirilýän soňky wakalaryň seljerilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Daşary işler ministri Fidan Günorta Koreýada saparda bolar
Ministr Fidan Indoneziýada saparda bolar
Daşary işler ministri Fidan Siriýanyň Prezidenti Şara bilen duşuşdy
Erdogan Eýrana guralýan bikanun hüjümler sebäpli sebite uly howpuň abanýandygyny aýtdy
Fidan: “Ysraýyl howpsuzlygyny bahana edip has köp ýer almak isleýär” diýdi
Hakan Fidan BMG-nyň Baş sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi