Ministr Fidan Indoneziýada saparda bolar

Ministr Fidan Indoneziýada saparda bolar

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Hakan Fidanyň ertir Indoneziýa gurajak resmi saparynyň çäginde özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Hakan Fidan özara söwda mukdarynyň 10 milliard dollara ýetirilmegi üçin enegiýa, emeli intellekt, digitallaşma, ýokary tehnalogiýa we halal önüm ýaly pudaklar boýunça edilýän gatnaşyklaryň ösdürilmegine ünsi çeker.

Daşary işler ministri Fidanyň saparynyň çäginde Gazada başdan geçirilýän soňky wakalaryň başda durmagynda sebitara meseleleriň hem gün tertibine garaşylýar.

Türkiýe bilen Indoneziýanyň Palestinde adalatly we yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin edýän bilelikdäki tagallalary gözden geçirler.

Eýran we Ormuz bogazyndaky soňky ýagdaý, Siriýa, Russiýa-Ukraina söweşi, Somali, Sudan we Liwiýa bilen birlikde sebitara we halkara howpsuzlygy ýakyndan gyzyklandyrýan meseleler hem saparyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

Ministr Fidanyň geçirjek gepleşiklerinde Türkiýe bilen Indoneziýanyň BMG, G20, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy, ASEAN, MIKTA we D-8 ýaly köp taraply platformalardaky hyzmatdaşlygynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Daşary işler ministri Hakan Fidan soňky gezek Prezident R. T. Erdoganyň 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 11-12-i aralygynda Indoneziýa guran saparyna ýoldaşlyk edipdi.

Ýene degişli makalalar

Daşary işler ministri Fidan Günorta Koreýaly kärdeşi bilen duşuşdy
Hakan Fidan Müsürde saparda boldy
Daşary işler ministri Fidan Siriýanyň Prezidenti Şara bilen duşuşdy
Daşary işler ministri Hakan Fidan kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi
Erdogan Eýrana guralýan bikanun hüjümler sebäpli sebite uly howpuň abanýandygyny aýtdy
Fidan: “Ysraýyl howpsuzlygyny bahana edip has köp ýer almak isleýär” diýdi