Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýady pugtalandyrylar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýady pugtalandyrylar

"Türkmennebit" döwlet konsernine Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 21-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurtda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Resmi habarlar
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenabatda ýene-de ýangyç gytçylygy emele geldi, bu gezek A95 benzini ýetmezçilik edýär
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň suw üpjünçilik ulgamy döwrebaplaşdyrylar
Serdar Berdimuhamedowyň prezident bolanyna üç ýyl boldy, bu döwürde ýurtda nämeler özgerdi
Türkmen adalatçysy adam hukuklary babatynda 'möhüm meseleleri' agzaman, talyplar bilen duşuşdy