Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawody ýyllyk tabşyrygy artygy bilen ýerine ýetirdi

Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawody 2018-nji ýyly nebit önümleriniň nobatdaky tapgyryny eksporta ugratmak bilen jemleýär. Nebit önümlerini öndürmegiň ýyllyk tabşyrygy artygy bilen ýerine ýetirilip, olaryň aglaba bölegi eksporta iberildi. Ýylyň dowamynda bu ýerde ýarym million tonnadan gowrak awtomobil benzini, dizel ýangyjy, mazut we ýol bitumy öndürildi.

Giç nebitiň we gaz kondensatynyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde ýokary hilli nebit önümleri alyndy.Baryp geçen asyryň 90-njy ýyllarynda zawodyň hünärmenleri GDA ýurtlarynyň ugurdaş kärhanalarynyň arasynda ilkinji bolup, Lebap welaýatynyň ýataklaryndan alynýan gaz kondensatyny gaýtadan işlemegi özleşdirdiler we ýola goýdular.

Gaz kondensatyndan alynýan açyk reňkli nebit önümlerine dünýä bazarlarynda isleg uludyr. Şu ýyl Naýypdaky we Bagajadaky gazy gaýtadan işleýän toplumlardan Seýdiniň nebit zawodyna bu gymmatly uglewodorod çig malynyň çärýek million tonnasy gelip gowuşdy.

Zawodda önümçilik işi tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrylýar, täze kuwwatlyklar işe girizilýär. Soňky ýyllarda katalitik reforming enjamynyň durky toplumlaýyn täzelendi, ýokary hilli ýol bitumyny öndürýän enjam işe girizildi. Kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna önüm öndürmäge niýetlenen elektrikduzsuzlandyrma blokly nebti atmosferaly işläp saplaýan “ELOU-AT” enjamynyň gurluşygyna halkara bäsleşigi yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň gündogar sebiti 97 müň 236 tonna suwuklandyrylan gaz eksport etdi
Bagaja ýatagyndaky gaýtadan işlenilýän gazyň möçberi artýar
15.01.2021 | Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar
Tebigy gaz YBI-niň hünärmenleri hereket edýän we gurulýan desgalarda ekologiýa gözegçiligini geçirýärler
Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar
Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar
Naýypda gazy gaýtadan işleýän enjam döwrebaplaşdyrylýar