“Shell” kompaniýasynyň düýp edarasy Britaniýa geçiriler

“Shell” kompaniýasynyň düýp edarasy Britaniýa geçiriler

Royal Dutch Shell kompaniýasynyň paýdarlary onuň düýp edarasyny Niderlandlardan Beýik Britaniýa geçirmek baradaky teklibi goldap ses berdiler. Bu barada Trend ýazýar.

Netijede, Shelliň paýdarlarynyň 58 göterimi bu pikiri goldady, indi baş edara Londona göçüp barar. Bu tutum kompaniýanyň içinde özgerişlikleri geçirmek maksady bilen amala aşyrylýar.

Şeýle-de anna güni Rotterdamda bolan paýdarlaryň ýygnagynda Royal Dutch Shell kompaniýasyny diňe Shell diýlip atlandyrmak teklip edildi, indiden beýläk kompaniýanyň paýnamalarynyň iki görnüşi däl-de, diňe biri hereket eder.

Britaniýa göçmek kompaniýanyň salgyt ýüküni azaldar, sebäbi häzirki wagtda kompaniýadan Niderlandlarda diwidentler üçin 15 göterim möçberde salgyt alynýar.

Emma tebigaty goraýjylar Shelliň bu ädimini maýda golland kazyýetiniň kompaniýanyň howa taşlanýan hapa gazlaryny 2030-njy ýyla çenli 45 göterim azaltmak baradaky çözgüdi bilen baglaýarlar, kompaniýa kazyýetiň bu kararyna garşydygyny mälim etdi. Tebigaty goraýjylar kompaniýanyň Londona göçmegi bilen bagly garşylyk çykyşlaryny hem guradylar.

Ýene degişli makalalar

Ýaşyl energiýa maýa goýýar
“Apple” birinjilige gaýdyp geldi
“Shell” ýokary girdeji hasaba aldy
“Shell” elektroulag pudagyna maýa goýýar
50-nji ýeňşi
Ožieniň 7-nji çempionlygy