Çempionlyk ugrunda ýiti göreş

Dünýä Ralli çempionatynyň möwsümdäki 7-nji ýaryşy Portugaliýada geçirildi. 306,97 kilometrlik aralygy 3 sagat 20 minut 22,8 sekuntda tamamlan “Toyota Gazoo Racing” toparynyň estoniýaly sürüjisi Ott Tanak şu möwsümdäki 3-nji, karýerasyndaky 9-njy ýeňşini gazandy.

Ondan 15,9 sekunt yza galan “Hyundai Shell Mobis” toparyndan belgiýaly Tierri Noýwill 2-nji, 57,1 sekunt soň pellehana gelen “Citroen Total” toparyndan fransiýaly Sebastian Ožie 3-nji ýeri eýeledi.

Umumy sanawda Sebastian Ožie 142 utuk bilen 1-nji ýerde barýar.Ondan 2 utugy az Ott Tanak 2-nji, 7 ýaryşda 132 utuk toplan Tierri Noýwill 3-nji orny eýeleýär.

Möwsümiň indiki ýaryşy 16-njy iýunda Italiýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Birinjilik ugrunda ýiti göreş
Dünýä Ralli çempionatynyň täze ýeňijisi
Möwsümiň ilkinji ýaryşy
Birinji orna çykaran ýeňiş
Birinji orna çykaran ýeňiş
Tanaka taý tapylmady