Dünýä Ralli çempionatynyň täze ýeňijisi

Dünýä Ralli çempionatynda möwsümiň tamamlanmagyna 1 ýaryş galanda, “Toyota Gazoo Racing” toparynyň estoniýaly sürüjisi Ott Tanak bilen onuň kömekçisi fransiýaly Julien Ingrassia çempionlygyny yglan etdi.Olara çempionlyk üçin Ispaniýanyň Tarragona şäherinde geçirilen Katalunýa Rallisinde 2-nji ýer hem ýeterlik boldy. “Hyundai Shell Mobis” toparynyň belgiýaly sürüjisi Tierri Noýwilliň 3 sagat 7 minut 39,6 sekuntlyk görkeziji bilen ýeňiş gazanan ýaryşynda Ott Tanak garşydaşyndan 17,2 sekunt soň pellehana gelip, 2-nji ýeri eýeledi.

Utugyny 263-e ýetiren Ott Tanak Dünýä Ralli çempionatynda çempionlyk gazanan ilkinji estoniýaly sürüji boldy. “Toyota” toparyna 15 ýyldan soň ilkinji çempionlygyny gazandyran Tanak Dünýä Ralli çempionatynda ýeňiş gazanan 20-nji pilot hökmünde taryha girdi.

Soňky 16 ýyldaky fransuz sürüjileriniň, iki atdaş Sebastian Lýob bilen Ožieniň üstünligini soňlandyran Ott Tanak karýerasy boýunça 12 Ralli ýaryşynda ýeňiş gazandy.Katalunýa Rallisinde 3-nji ýere “Hyundai Shell Mobis” toparynyň ispan sürüjisi Dani Sordo mynasyp boldy.

Möwsümiň soňky ýaryşy 14-nji noýabrda Awstraliýada geçiriler.

1973-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän Dünýä Ralli çempionatynda iň köp çempionlyk gazanan sürüji fransiýaly Sebastian Lýob bolup, ol yzly-yzyna 9 gezek çempion diýen ady eýeledi.

Bu ugurda 2-nji basgançakda başga bir fransiýaly Sebastian Ožie bolup, ol şu möwsüme çenli yzly-yzyna 6 çempionlyk gazandy.Finlýandiýaly sürüjiler Ýuha Kankkunen bilen Tommi Makkinen 4 gezek çempion bolmagy başardy.

Germaniýaly Walter Rörl, italiýaly Miki Biason, ispaniýaly Karlos Saýns, finlýandiýaly Markus Grönholm dagy 2 gezek çempion bolan sürüjilerdir.Bulardan başga-da 12 sürüji 1 gezek çempion boldy.

Ýene degişli makalalar

Birinji orna çykaran ýeňiş
2-nji ýeri eýelese-de, çempionlyk gazandy
Toyotada “Hyundai” çempionlyk gazandy
Çempionlyk ugrunda ýiti göreş
Garaşylmadyk sürüjileriň üstünligi
Tanaka taý tapylmady