Ožie aratapawudy azaldýar

Dünýä Ralli çempionatynyň (WRC) şu ýyldaky 11-nji tapgyry Türkiýäniň Mugla welaýatynyň Marmaris etrabynda geçirildi. 318 kilometre deň bolan ýaryşda “Citroen Total” toparynyň fransuz sürüjisi Sebastian Ožie ýeňiş gazandy.

Onuň görkezen netijesi 3 sagat 50 minut 12,1 sekunda deň boldy.Bu onuň şu möwsümdäki 3-nji, karýerasyndaky 47-nji ýeňşidir.Ožieden 34,7 sekunt soň pellehanadan geçen “Citroen Total” toparynyň başga bir sürüjisi, finlýandiýaly Esepekka Lappi 2-nji ýeri eýeledi.

Münberiň üçünji basgançagyna-da 3 sagat 51 minut 16,6 sekuntlyk netije görkezen norwegiýaly Andreas Mikkelsen (“Hyundai Shell Mobis”) çykdy.Bu ýeňişden soň, utugyny 193-e ýetiren Sebastian Ožie sanawyň lideri Otta Tanak bilen arasyndaky utuk aratapawudyny 17-ä düşürdi. 3-nji orunda 180 utuk bilen belgiýaly Tierri Noýwill barýar.

Indiki bäsleşik 36-njy oktýabr aralygynda Beýik Britaniýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Tanaka taý tapylmady
Garaşylmadyk sürüjileriň üstünligi
Birinji orna çykaran ýeňiş
Ožieniň 7-nji çempionlygy
“Toyotalylara” taý tapylmady
“Hyundai” toparynyň sürüjileriniň biri Toýotada çempion bolar