Birinjilik ugrunda ýiti göreş

Dünýä Ralli çempionatynda ýylyň 12-nji bäsleşigi Uelsde geçirildi. 312,75 kilometrlik 22 tapgyry 3 sagat 58 sekuntda tamamlan “Toyota Gazoo Racing” toparynyň estoniýaly sürüjilsi Ott Tanak ýeňiji boldy.

Bu onuň şu möwsümdäki 5-nji ýeňşidir.Ondan 10,9 sekuntlyk az netije görkezen “Hyundai Shell Mobis” toparynyň belgiýaly piloty Tierri Noýwill 2-nji, 23,8 sekunt soň pellehana gelen “Citroen Total” toparynyň fransiýaly sürüjisi Sebastian Ožie 3-nji ýere eýeledi.Möwsümiň tamamlanmagyna 2 ýaryş galanda, çempionlyk ugrunda ýiti göreş dowam edýär.

Häzirki wagtda 240 utuk bilen 1-nji hatardaky Ott Tanak 212 utukly Sebastian Ožieden bir ädim öňde barýar. 3-nji basgançakdaky Tierri Noýwilliň 199 utugy bar. 2427-nji oktýabr aralygynda Kataloniýada (Ispaniýa) geçiriljek möwsümiň 13-nji ýaryşynda Tanak ýeňiş gazanan ýagdaýynda ilkinji çempionlygyny yglan eder.

Ýene degişli makalalar

Çempionlyk ugrunda ýiti göreş
Dünýä Ralli çempionatynyň täze ýeňijisi
Möwsümiň ilkinji ýaryşy
Birinji orna çykaran ýeňiş
Birinji orna çykaran ýeňiş
Ožie 6-njy gezek ýeňiji boldy