Şikes alanlar

Geçen hepdäniň başynda Dünýä çempionatyna gatnaşýan toparlaryň gutarnykly düzümleri mälim edilipdi. Ýöne şondan soňam, käbir oýunçylar şikesi sebäpli düzümden çykarylmaly boldy. Şolaryň biri-de argentinaly Manuel Lanzini bolup, ol türgenleşiklerde dyzyna ýeten şikes zerarly sanawdan çykaryldy.

Onuň ornuna tälimçi Sampaoli “Riwer Pleýtde” oýnaýan 32 ýaşly Enzo Perezi çagyrdy. Şonuň ýaly Kolumbiýanyň ýygyndysynda-da goragçy Frank Fabra şikesi sebäpli çempionata gatnaşyp bilmez.Onuň ornuna 34 ýaşly Farid Diaz (“Olimpiýa”, Paragwaý) düzüme çagyryldy.

Ýene degişli makalalar

Derwezeçisiz, ätiýaçsyz ýeňiş gazandy
Geljegiň 60 ýyldyz futbolçysy
“Real Madridiň” tomusky transfer möwsüminde etsem-goýsamlary
38 ýyldan soň çempion boldy
Çempion “Boko Huniors”
“Real Madridiň” yzly-yzyna 3-nji çempionlygy