Silc Sonic “Ýylyň aýdymy” nominasiýasynda Grammy baýragyny aldy

Silc Sonic “Ýylyň aýdymy” nominasiýasynda Grammy baýragyny aldy

Silc Sonic rep-duet tarapyndan ýerine ýetirilen “Leave The Door Open” kompozisiýasy “Ýylyň aýdymy” kategoriýasynda Grammy aýdym-saz baýragyna mynasyp boldy. Bu barada baýragyň gowşurylyş dabarasynda yglan edildi. Ol CBS teleýaýlymynda ýaýlyma goýberildi diýip, TASS habar berýär.

Bu nominasiýada ýeňiş üçin şu aýdymlar hem dalaş etdi: britaniýaly Ed Şiranyň ýerine ýetirmeginde “Bad Habits”, Alişa Kis bilen Brendi Karlaýl “A Beautiful Noise”, Billi Aýliş “Happier Than Ever”, Doja Ket bilen Sza “Kiss Me More”.

Bu kategoriýada “Montero” aýdymy bilen repçi Lil Nas X, “Peaches” kompozisiýasy bilen Jastin Biber, Dezmann Ewans (Giveon) we Eşton Simmonds (Daniel Caesar) hem-de “Right on time” aýdymy bilen Brendi Karlaýl hem görkezildi.

64-nji Grammy dabarasy koronawirus pandemiýasy başlany bäri ilkinji gezek doly formatda geçirildi, bassyr ikinji ýyl onuň alypbaryjysy günorta afrikaly komik, aktýor we telealypbaryjy Trewor Noa boldy. Şu ýyl guramaçylar baýrak gowşurylyş dabarasyny Las-Wegasdaky MGM Grand Garden Arena-da geçirmek kararyna geldiler. Dürli wagtda dabara ABŞ-nyň dürli şäherinde geçirildi: Los-Anjeles, Nýu-Ýork, Çikago we Neşwill.

Ýene degişli makalalar

Hepdäniň täze animasiýalary
Gartaşan jübütler ilkinji gezek duşuşan dükanynda toý tutdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Big 5 Global 2025 atly maslahata we sergä gatnaşdy
Türkmenistan Big 5 Global 2025 sergisinde özüniň strategik garaýyşlaryny beýan edýär
Bütindünýä ykdysady forumy başlady
Sanawyň lideri üýtgedi, “Ýunaýted” uly hasap bilen ýeňildi